HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«TEIF 2024-e» işjeň taýýarlyk görülýär

Mart 11, 2024 | 11:54 |114180
2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (TEIF 2024) gatnaşyjylary hasaba almak işleri dowam edýär. Forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (TEIF 2024) gatnaşyjylary hasaba almak işleri dowam edýär. Forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.
Çeşme: «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (TEIF 2024) gatnaşyjylary hasaba almak işleri dowam edýär. Forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Häzirki wagta çenli Pariž forumyna gatnaşmak üçin 70-den gowrak halkara wekil hasaba alyndy. Türkmenistanyň nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna wekilçilik edýän ýokary derejeli ýolbaşçylar forumda ýurduň täze maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrarlar. Çykyşlary tassyklanan halkara derejeli hünärmenleriň hatarynda OPEK-iň Baş sekretary Haýtam al-Gaýs; Halkara energetika agentliginiň (IEA) Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol; BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we BMG-niň ÝYK-nyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan; Halkara gaz birleşmesiniň prezidenti Li Ýalan; Ählumumy gaz merkeziniň (GGC) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro; «TotalEnergies» kompaniýasynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bölüminiň uly wise-prezident Žýulýen Puže; Halkara energetika agentliginiň (IEA) energetika boýunça baş ykdysatçysy Tim Gould; «BNP Paribas» kompaniýasynyň direktory Konstans Şalçat; UKEF-iň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjysy Özgür Kutaý we beýlekiler bar.

«TEIF 2024-iň» esasy maksady Hazar deňziniň kenarýaka zolaklaryndaky uglewodorod serişdelerini özleşdirmäge göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, çig mal ýataklarynda nebit we gaz önümçiligini artdyrmak üçin innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ägirt uly «Galkynyş» gaz ýatagynyň senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryny işläp düzmek, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek, täze gaz we himiýa önümçilik desgalaryny gurmak, şeýle hem metanyň we ugurdaş gaz zyňyndylaryny azalmak ýaly meseleler bilen baglanyşykly bolar. Şeýle hem Pariž forumynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gurluşyk we ulag-kommunikasiýalar möhüm ugurlaryň hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň üstünde durlup geçiler.

«TEIF 2024-iň» işine milli we halkara energetika, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk kompaniýalarynyň, ählumumy energetika ulgamynyň geljegini emele getirýän halkara guramalarynyň hem-de dünýäniň maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşarlar. «TEIF 2024»: «Ygtybarly, durnukly, ekologiýa taýdan arassa energiýa maýa goýuň» şygary bilen geçiriler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklary aşakdakylardan ybarat bolar:

Ählumumy energiýa ulgamynyň geljeginde Türkmenistanyň orny

Energetiki geçiş şertlerinde tebigy gazyň ösüş mümkinçilikleri

Uglewodorod önümçiliginde metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de alternatiw energiýa çeşmeleri

Energetiki geçiş üçin çig mal harytlary: täze meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri

Türkmenistanyň gurluşyk, ulag we kommunikasiýalar ulgamlaryna gönükdirilen infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek işini çaltlaşdyrmak

Arassa energiýa ulgamynyň taslamalaryny we häzirki zaman infrastrukturasyny ösdürmekde maliýe institutlarynyň orny

Şeýlelikde, forumyň çäklerinde arassa energiýa we ekologiýa taýdan arassa ýangyçlara geçiş meselelerine üns çekiler, gurluşyk, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda täze taslamalar hödürlener, şeýle hem energetika taslamalaryny ösdürmekde maliýe institutlarynyň orny ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan arassa energiýany ösdürmäge uly ähmiýet berýär we «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 MWt kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlady. Bu desganyň gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinde işleýän ilkinji elektrik stansiýasydyr.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylaryň hatarynda «CNPC», «BP», «TotalEnergies», «Exxon Mobil», «Petronas», «ADNOC», «Mitro International», «Buried Hill», «NAPECO», «Dragon Oil», «ENI», «Lukoýl» ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň; Halkara energetika agentligi (IEA), Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Ählumumy gaz merkezi (GGS), Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy, Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK); Energetika Hartiýasynyň sekretariaty ýaly halkara nebitgaz guramalarynyň; BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky, Eksport karzlarynyň kepilligi bölümi (UK Export Finance) ýaly köp sanly halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň wekilleri bar.

Näme üçin Pariž?

Pariž «TEIF 2024» forumynyň geçiriljek ýeri hökmünde tötänleýin saýlanmady: Ýewropanyň merkezinde orun almak bilen, Fransiýanyň paýtagtynda ÝUNESKO, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD), Halkara energetika agentligi (IEA), Halkara söwda palatasy (ICC) ýaly öňdebaryjy halkara guramalaryň, energetika kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň hem-de beýleki edaralaryň ştab-kwartiralary ýerleşýär.

Pariž – Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolan Fransiýanyň iň möhüm ykdysady, syýasy we medeni merkezidir. Parižiň daşky keşbi dürli taryhy döwürlerde yzygiderli özgerdi, ýöne ol hemişe Ýewropanyň binagärlik sungatynyň naýbaşy eserleriniň jemlenen ýeri hökmünde tanalýar. «Fransiýanyň ýüreginiň» ajaýyp özüne çekiji künjekleri – Eýfel diňi, Parižiň Keramatly ene ybabathanasy, Luwr, Ýeňiş arkasy, Ýeliseý meýdançasy we medeni mirasyň beýleki köp sanly desgalary islendik adama mälimdir.

2024-nji ýylyň tomsunda Parižde iň iri halkara toplumlaýyn ýaryşlaryň biri – XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler. Ozal Fransiýanyň paýtagty eýýäm iki gezek – 1900-nji we 1924-nji ýyllarda tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul edipdi, bu bolsa oýunlaryň hut 2024-nji ýylda Parižde geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýe bolmagyny şertlendirýär, çünki munuň özi 1924-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň 100 ýyllygynyň bellenilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Pariž ählumumy derejeli şäherleriň biri hasaplanyp bilner, çünki ol dünýäniň ylym, söwda, sungat, medeniýet merkezleriniň, şeýle hem Ýewropanyň iň iri ulag çatryklarynyň biridir. Bularyň ählisi Fransiýanyň paýtagtyny ýokary derejeli maýa goýum forumyny geçirmek üçin amatly meýdança öwürýär.

«Hyatt Regency Paris Etoile» myhmanhanasynyň Parižiň merkezinde ýerleşýändigi we onuň şeýle ählumumy derejeli megapolisde hereket etmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan köp sanly maddy-tehniki kynçylyklary çözmäge mümkinçilik berjekdigi sebäpli, bu myhmanhana maýa goýum forumynyň çäklerinde işewürlik duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy.

Dubaýda geçirilen öňki maýa goýum forumynyň üstünligi çäräniň meýilnamasyny giňeltmäge mümkinçilik berdi: Parižde geçiriljek forumyň çäklerinde tejribe alyşmak maksady bilen, öňdebaryjy «TotalEnergies» fransuz energetika kompaniýasynyň desgasynda işewürlik gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär, şeýle hem BMG-niň Halkara metan obserwatoriýasyna gezelenç guralyp, bu ýerde metanyň zyňyndylarynyň tehniki barlag mümkinçilikleri hakyky wagt birliginde görkeziler.

Bu gezelençleriň peýdalylygy geçen ýylky forumyň tejribesi bilen subut edildi, onuň çäklerinde Gün şöhlesiniň energiýa öwrülmegi esasynda işleýän dünýäniň iň uly elektrik stansiýasy bolan Dubaýdaky Gün parkyna işewürlik gezelençleri guralypdy.

Türkmenistanyň energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýalar pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda işewürlik duşuşyklarynyň geçirilmegi gyzyklanma bildirýän maýadarlaryň maýa goýum taslamalary barada habarlylygyny artdyrar we olara doly maglumatlary berer.

Gyzyklanma bildirýän wekillere foruma gönüden-göni gatnaşmak üçin hasaba alynmagyň iň soňky möhletiniň 5-nji apreldigini, onlaýn gatnaşmak üçin iň soňky möhletiň bolsa 19-njy apreldigini ýatladýarys. Şeýle hem guramaçylar wekilller üçin wiza goldawyny berýärler.

Goşmaça maglumatlar bilen çäräniň resmi saýtynda resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz ýa-da info@turkmen-forum.com elektron poçta hat iberip bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026