Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi CGTN –e interwýu berdi


Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň Pekin şäherinde 5-nji martda Halk ýygnaklar öýünde açylan ikinji mejlisine gatnaşdy.
Mejlis açylandan soňra diplomat CGTN Hytaý halkara habarlar teleýaýlymyna interwýu berdi.
Parahat Durdyýew HHR-niň premýeriniň mejlisiň dowamynda eden çykyşynyň käbir ugurlaryny teswirläp, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Hususan-da, wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly görünýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Howanyň üýtgemegi baradaky 2015-nji ýylyň Pariž ylalaşygynyň we beýleki halkara ylalaşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň öz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini belledi.
ORIENT news








