HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-i Owganystany serhetaşa derýalaryň suw gorlaryna ylmy esasda çemeleşmäge çagyrdy

Mart 07, 2024 | 14:05 |13061
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran sapary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumaty köpçülige ýetirdi.Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran sapary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumaty köpçülige ýetirdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran sapary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumaty köpçülige ýetirdi.

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistanda bolan döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek we owgan halkyna giň gerimli ynsanperwer kömegi bermek bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hojalygy pudagynda hem özara gatnaşyklar temasynyň üstünde durlup geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy sebitdäki suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmagyň serhetaşa derýalarda, suw akabalarynda we serhet köllerinde suwdan peýdalanmagy düzgünleşdirýän halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi.

Duşuşykda birinjiden, serhetüsti derýalardan suw alynmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan we tassyklanan çemeleşmäniň zerurlygy, ilkinji nobatda suw çeşmelerini ulanmagyň hakyky zerurlyklaryny göz öňünde tutmak bellenildi.

Şeýle hem serhetüsti derýalarda gurulýan gidrotehniki desgalaryň dogry işlemegini üpjün edip biljek ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek; serhetýaka derýalaryň boýunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitlerine hormat goýmak, halkara hukugy esasynda we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukulylyk we aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýan suw çeşmelerini dolandyrmak üçin degişli mehanizmleri döretmek arkaly peýdalanmaga çagyryş edildi.

Owgan wekiliýeti bilen duşuşyk dostlukly we netijeli häsiýetde geçirildi diýlip, habarda bellenýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026