HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Rumyniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Mart 07, 2024 | 10:18 |8064
Ilçi Annamämmet Annaýewiň Rumyniýanyň milli bilim ministriniň orunbasary Ionel-Florian Liksandra bilen bolan duşuşygynda bilim ulgamynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.Ilçi Annamämmet Annaýewiň Rumyniýanyň milli bilim ministriniň orunbasary Ionel-Florian Liksandra bilen bolan duşuşygynda bilim ulgamynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy

Ilçi Annamämmet Annaýewiň Rumyniýanyň milli bilim ministriniň orunbasary Ionel-Florian Liksandra bilen bolan duşuşygynda bilim ulgamynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenitanyň Buharest şäherindäki ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistan her ýyl Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin ýaşlary iberýär. Munuň üçin döredilýän şertler üçin bilim ministriniň orunbasaryna çuňňur hoşallyk bildirildi. Bellenişi ýaly, rumyn tarapy şu ýyl türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almaklary üçin 105 talyp hakly orunlary bölüp berdi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän halkara ylmy maslahatlara we olimpiadalara rumyn mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýär. Öz gezeginde rumyn tarapy hem türkmen ýaşlarynyň gatnaşyp biljek ders olimpiadalarynyň sanawyny ýakyn wagtda iberer.

Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty ýurtda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty barada gürrüň berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026