Türkmenistanyň kazylary wezipä bellendi


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Resminama laýyklykda, Mary şäherine, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyna täze kazylar bellendi. Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap, Ahal welaýatynyň Tejen etrap, Balkanabat we Daşoguz şäher, Lebap welaýatynyň Darganata etrap kazyýetlerine täze administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar bellendi.
Şeýle hem Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy hem-de Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy.
ORIENT news








