HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow we ÝHHG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar

Mart 05, 2024 | 23:32 |7215
Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji martda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji martda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi.
Çeşme: osce.org

Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji martda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi.

Daşary syýasaty oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, şol sanda ÝHHG ýaly iri halkara guramalary bilen netijeli işleşmek arkaly tagallalary birleşdirmäge uly ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutany duşuşykda aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak ministrleriniň 4-nji martda Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň bu ugurdaky gepleşikleri güýçlendirmek üçin itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Türkmenistanyň Global Metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan edendigini, şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly sebitleýin tehnologiýa merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürendigini nygtap geçdi. Bu bolsa, döwletimiziň ekologiýa we daşky gurşaw babatynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar.

Serdar Berdimuhamedow we Helga Şmid hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, energetika pudagy geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Döwlet Baştutany türkmen energiýa çeşmelerini dünýä bazaryna we tranzitine getirmek üçin turbageçirijileri işjeňleşdirmek boýunça ÝHHG-niň çäginde syýasy, maliýe we daşky gurşaw ugurlaryny öz içine alýan işleri alyp barmak barada hem belledi.

Şeýle-de ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hem bellendi. Umuman aýdanyňda, Türkmenistan ÝHHG bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

17:34 Sentýabr 06, 2026
Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

17:20 Sentýabr 06, 2026