HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa yslam ýurtlaryna iberilýän halal önümleriň möçberlerini artdyrýar

Mart 07, 2024 | 13:04 |10842
2023-nji ýylda Russiýa halallyk hakynda hususy döwlet standartlaryny girizen dünýädäki ilkinji yslam däl ýurtlaryň birine öwrüldi. Noýabr aýynda Russiýanyň halallyk güwänamalary eýýäm Pars aýlagynyň ýurtlarynda ykrar edildi. Munuň özi Russiýa Federasiýasyndan BAE, Saud Arabystanyna, Bahreýne, Kuweýte, Omana, Katara we Ýemene, soňlugy bilen bolsa Ýakyn Gündogaryň, Aziýanyň we Afrikanyň beýleki ýurtlaryna önümleriň iberilmegini aňsatlaşdyrar.2023-nji ýylda Russiýa halallyk hakynda hususy döwlet standartlaryny girizen dünýädäki ilkinji yslam däl ýurtlaryň birine öwrüldi. Noýabr aýynda Russiýanyň halallyk güwänamalary eýýäm Pars aýlagynyň ýurtlarynda ykrar edildi. Munuň özi Russiýa Federasiýasyndan BAE, Saud Arabystanyna, Bahreýne, Kuweýte, Omana, Katara we Ýemene, soňlugy bilen bolsa Ýakyn Gündogaryň, Aziýanyň we Afrikanyň beýleki ýurtlaryna önümleriň iberilmegini aňsatlaşdyrar.
Çeşme: halalcenter.ru

2023-nji ýylda Russiýa halallyk hakynda hususy döwlet standartlaryny girizen dünýädäki ilkinji yslam däl ýurtlaryň birine öwrüldi. Noýabr aýynda Russiýanyň halallyk güwänamalary eýýäm Pars aýlagynyň ýurtlarynda ykrar edildi. Munuň özi Russiýa Federasiýasyndan BAE, Saud Arabystanyna, Bahreýne, Kuweýte, Omana, Katara we Ýemene, soňlugy bilen bolsa Ýakyn Gündogaryň, Aziýanyň we Afrikanyň beýleki ýurtlaryna önümleriň iberilmegini aňsatlaşdyrar.

Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Huseýn Ibrahim Tahanyň bellemegine görä, soňky ýyllarda Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwda dolanyşygy artýar. 2021-nji ýylda bu görkeziji 113,3 milliard dollara deň boldy, bu bolsa 2017-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, 43,2 göterim köpdür.

Russiýa Federasiýasynda halal önümleri sertifikatlaşdyrmak üçin ilkinji akkreditirlenen edara öwrülen «Roskaçestwo – Halal» Halallyk ygtyýarlandyryş merkeziniň döredilmegi eksport mümkinçiliklerini artdyrdy. Bu guramanyň işi eksporty ýönekeýleşdirer, çykdajylary azaldar we üpjün ediji kompaniýalaryň mümkinçiliklerini artdyrar. Russiýada öndürilýän geljegi uly halal önümleriň hatarynda guş, sygyr eti, konditer we süýt önümleri bar. Diňe bir Pars aýlagynyň ýurtlaryna däl, eýsem, beýleki yslam döwletlerine – Eýrana, Indoneziýa, Malaýziýa, Türkiýä, Gazagystana, Gyrgyzystana iberilýän önümleriň möçberleri hem artyp biler.

Ählumumy Halal bazary örän çalt ösýär we häzirki wagtda umumy dolanyşygy 2,6 trillion dollara deň hasaplanýar. 2028-nji ýyla çenli bazaryň umumy dolanyşygynyň 11 trillion dollardan geçjekdigi çaklanylýar. Bu mowzuk Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýän «KazanForum» maslahatynyň esasy mowzuklaryň biridir we bu mesele şu ýyl has-da möhüm bolar.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde «Russia Halal Expo 2024» atly ykdysady we ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygyň sergisi geçiriler – ol Russiýada Halallyk standartlaryna laýyk gelýän taslamalaryň iň uly sergisidir, halkara işewürlik gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin meýdançadyr. Şeýle hem «Kazan Halal Market» atly halal önümleriň halkara ýarmarkasy geçirilýär, onuň çäklerinde halal önümleri, kosmetika serişdelerini, egin-eşikleri, bezeg önümlerini, esbaplary we öý üçin harytlary satyn almak mümkindir.

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumynyň 2024-nji ýylyň 14 – 19-njy maýynda Kazanda geçiriljekdigini ýatladýarys.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026