HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa Diplomatiýa forumynda eden çykyşy hytaý diline terjime edildi

Mart 06, 2024 | 17:08 |36746
Lançžou uniwersitetiniň Türkmenistan boýunça ylmy-barlag merkeziniň professory Wan Şihaý türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa Diplomatiýa forumynda eden çykyşyny hytaý diline terjime etdi.Lançžou uniwersitetiniň Türkmenistan boýunça ylmy-barlag merkeziniň professory Wan Şihaý türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa Diplomatiýa forumynda eden çykyşyny hytaý diline terjime etdi.
Çeşme: orient.tm

Lançžou uniwersitetiniň Türkmenistan boýunça ylmy-barlag merkeziniň professory Wan Şihaý türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa Diplomatiýa forumynda eden çykyşyny hytaý diline terjime etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşy Hytaýyň 5 habarlar web-saýtlarynda köpçülige ýaýradyldy. Olar hususan-da, weibo.com, sso.toutiao.com, view.inews.qq.com, 3g.k.sohu.com, mbd.baidu.com internet neşirleridir.

1909-nji ýylda gapylaryny ilkinji gezek açan Lançžou uniwersiteti Hytaýyň iň öňdebaryjy milli uniwersitetleriniň biridir.

Hytaýyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky ýokary okuw mekdebi ýurduň “Taslama 985” we “Taslama 211” milli maksatnamalaryna girýän esasy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girýär. Bu ýokary okuw mekdebi iň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawynda Hytaýda 26-njy, dünýäde bolsa 483-nji orny eýeleýär.

Lançžou uniwersiteti bilimiň açyklygy ýörelgesine eýerýän ýokary bilim maksatnamasynyň giden ugruny hödürleýär. Bu ýokary okuw mekdebi dünýäniň 44 ýurdundaky uniwersitetler we ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Ol Özbegistandaky, Gazagystandaky we Gruziýadaky Konfusiý institutlary, ABŞ-nyň Dreksel uniwersiteti bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin kompýuter tehnologiýalary ylymlary ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça taslamalary durmuşa geçirýär.

Lançžou uniwersiteti Hytaýyň ynsanperwer we tehniki gaznalary bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýar. Ýokary okuw mekdebiniň çäginde Merkezi Aziýadaky ekologiýa meselelerini öwrenýän ylmy-barlag merkezi, Türkmenistan boýunça ylmy-barlag merkezi hereket edýär.

Lançžou uniwersiteti tebigy baýlyklara esaslanýan ylmy barlag maksatnamalaryny goldaýar, ykdysady-durmuş ösüşiniň esasy meselelerini öňe sürýär, daşky gurşawyň, ekologiýanyň, maldarçylygyň, binagärligiň, atomyň, öýjügiň we amatly şertlere uýgunlaşmagyň öwrenilmegine uly üns berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026