HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystanda açyk deslapky kodly hususy operasion ulgamy işlenilip düzülýär

Mart 06, 2024 | 15:02 |10962
Gyrgyzystanda açyk deslapky kodly hususy operasion ulgamy işlenilip düzülýär. Munuň özi «Tonk Aziýa» gyrgyz kompaniýasy bilen Russiýanyň «Bazalt SPO» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugruna öwrüler.Gyrgyzystanda açyk deslapky kodly hususy operasion ulgamy işlenilip düzülýär. Munuň özi «Tonk Aziýa» gyrgyz kompaniýasy bilen Russiýanyň «Bazalt SPO» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugruna öwrüler.
Çeşme: e-cis.info

Gyrgyzystanda açyk deslapky kodly hususy operasion ulgamy işlenilip düzülýär. Munuň özi «Tonk Aziýa» gyrgyz kompaniýasy bilen Russiýanyň «Bazalt SPO» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugruna öwrüler. Rus kompaniýasy bilen strategiki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Olaryň biri Gyrgyzystanyň açyk deslapky kodly hususy operasion ulgamyny işläp düzüji bolar.

Şeýle hem baglaşylan ähtnamada bar bolan programma üpjünçiliginiň önümlerini we çözgütlerini bilelikde ösdürmek, OEM (original equipment manufacturer) modeli boýunça hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. OEM modeli boýunça hyzmatdaşlyk esasynda bir kompaniýa bölekleri we enjamlary öndürýär, başga bir kompaniýa bolsa olary öz haryt nyşany astynda satyp bilýär.

«Tonk Aziýa» kompaniýasynyň baş direktory Kuban Ibraýew erkin programma üpjünçiligini döretmek we ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň Gyrgyzystanyň maglumat howpsuzlygy gurşawyny düýpgöter üýtgetjekdigine ynam bildirdi.

OEM hyzmatdaşlygynyň çäklerinde «Tonk Aziýa» Russiýanyň «Bazalt SPO» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Alt» operasion ulgamy öňünden gurnalan kompýuterleri Gyrgyzystandaky we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky müşderilere ýerlär. Rus operasion ulgamy Bişkek Elektron hasaplaýyş enjamlary zawody tarapyndan öndürilen iş stansiýalarynda, noutbuklarda, monobloklarda, serwerlerde we interaktiw tagtalarda gurnalar.

«Biz ýokary hilli, döwrebap, ygtybarly programma önümlerini döretmek baradaky bilimlerimizi we tejribämizi gyrgyz kärdeşlerimize geçirmäge taýýardyrys. 20 ýyldan gowrak wagt bäri biz dünýädäki iň iri garaşsyz mugt programma üpjünçiligi ammarlarynyň biri bolan öz «Alt» operasion ulgamymyzy ösdürip gelýäris» diýip, «Bazalt SPO» kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Trandin belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026