HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýaşlary Hindistanda geçirilýän çärelere gatnaşýarlar

Mart 06, 2024 | 11:37 |4761
Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan deň-duşlary bilen Hindistanyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanylan giň gerimli çärelere gatnaşmak üçin Hindistana bardylar.Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan deň-duşlary bilen Hindistanyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanylan giň gerimli çärelere gatnaşmak üçin Hindistana bardylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan deň-duşlary bilen Hindistanyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanylan giň gerimli çärelere gatnaşmak üçin Hindistana bardylar. Bu barada Türkmenistanyň Nýu-Delidäki diplomatk wekilhanasy habar berýär.

Hindistanda geçirilýän medeni çärelere gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletlerinden 100-e golaý (hersinden 20) ýaşlar geldiler. Ýaşlaryň bu saparyny guramak başlangyjy 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda öňe sürüldi we makullanyldy. Şondan bäri şunuň ýaly sapar eýýäm ikinji gezek guralýar.

Ýaşlar wekiliýetiniň agzalary giň medeni maksatnamanyň çäklerinde 12-nji marta çenli dowam etjek her dürli çärelere gatnaşmakdan lezzet alarlar. Oňa gatnaşyjylar Hindistanyň medeniýeti we taryhy, milli aýratynlyklary bilen giňişleýin tanşarlar. Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ýaşlarynyň arasyndaky dialogy goldamagy we berkitmegi maksat edinýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026