HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary işler ministrliginde Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi

Mart 05, 2024 | 23:28 |45194
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň arasynda 5-nji martda geçirilen duşuşykda syýasy we ykdysady ugurlarda, ekologiýa howpsuzlygy hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň arasynda 5-nji martda geçirilen duşuşykda syýasy we ykdysady ugurlarda, ekologiýa howpsuzlygy hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň arasynda 5-nji martda geçirilen duşuşykda syýasy we ykdysady ugurlarda, ekologiýa howpsuzlygy hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň ýokary derejeli wekiliýetleriniň geçen ýyl Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň netijeli bolandygy bellendi. Şol saparlaryň biriniň barşynda Aşgabatda ÝHHG-niň merkeziniň täze binasy açyldy we Baş sekretar bilen Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Helga Şmidiň häzirki saparynyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleri bilen iş maslahaty üstünlikli geçirildi. Nobatdaky çäre degişli ugurda özara tagallalary utgaşdyrmakda netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, ÝHHG-niň ýokary derejeli wekiliýetleriniň saparlary we bilelikdäki sebitleýin çäreler häzirki zaman hyzmatdaşlygynyň nusgalaryny görkezýär we halkara konfliktleriň öňüni almak we zyýansyzlandyrmak, syýasy we dini ekstremizme, transmilli howplara, neşe gaçakçylygyna we serhetüsti jenaýatçylyga garşy amaly gurallaryň döredilmegine goşant goşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändig bellendi. Tükmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen hem gatnaşyklar ösýär.

Helga Şmid Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän möhüm ornuna oňyn baha berdi hem-de Türkmenistanyň energiýa we daşky gurşaw howpsuzlygy, durnukly ulag we suw diplomatiýasy babatdaky başlangyçlaryna ünsi çekdi.

Duşuşykda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine-de üns berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026