Türkmen we owgan kompaniýalary 7,7 million dollardan gowrak 16 ylalaşyk baglaşdy


4-5-nji mart aralygynda Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan işewürler forumynda türkmen we owgan hususy kompaniýalarynyň arasynda bir Ähtnama we 16 sany ylalaşyga gol çekildi. Eksport şertnamalarynyň umumy pul mukdary 7 million 721 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Bu geleşikleriň ýarysy, “Hasar”, “Owadan ülke”, “Altyn şöhle”, “Täze aý” we “Asuda ülkäm” ýaly meşhur söwda nyşanlaryndaky konditer önümleriniň satuwy boýunça baglaşyldy.

Beýleki önümlere polipropilen haltalar we motor ýaglary, mäş, goýun ýüňi, multiflament polipropilen sapaklar we ş.m degişlidir.

Satyjylar ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan - 9 sany türkmen kompaniýasydyr - alyjylar bolsa, 11 sany owgan firmalarydyr.

ORIENT news








