Dmitriý Çernyşenko: Taryhdaky ilkinji Geljegiň oýunlary geçirildi!


Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Çernyşenko Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen bilelikde «Geljegiň oýunlary» atly köpugurly sport ýaryşynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol Kazanda sungat işgärlerini we sanly ýerine ýetirijileri birleşdirýän özboluşly fijital-konsert görnüşinde geçirildi. Göçme programmirlenen ekranlar hem-de proýeksiýa şekilleri hakyky we wirtual dünýäleriň arasyndaky serhedi ýene bir gezek aradan aýyrmaga mümkinçilik döretdi.

«Geljegiň oýunlary» atly ilkinji köpugurly halkara sport ýaryşy 21-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Kazanda geçirildi. Bäsleşikleriň maksatnamasy nusgawy we sanly sport görnüşlerini özünde birleşdirýän fijital konsepsiýasyna degişli 21 innowasion ugurdan ybarat boldy. 2000-den gowrak gatnaşyjy Kazana geldi we olar 294 topary emele getirdiler. Türgenleriň ýaşy – 12-den 62 ýaşa çenli boldy.
Geljegiň oýunlary ajaýyp we ýokary tehnologiýaly açylyş dabarasy bilen badalga aldy. Oňa 3,5 müňden gowrak türgen, myhman we resmi wekiliýet, şol sanda daşary ýurtlaryň baştutanlary gatnaşdylar. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin innowasion halkara ýaryşynyň ähmiýetini belläp geçdi.
«Biz elmydama sporty ösdürmek we onuň ýokary ynsanperwer gymmatlyklaryny ilerletmek ugrunda çykyş edýäris. Geljegiň oýunlary biziň dünýäniň sport maşgalasyna sowgadymyzdyr» diýip, döwlet Baştutany açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Çernyşenko bäsleşigiň örän üstünlikli geçendigini nygtady.
«Dostlar, biz muny başardyk! Taryhdaky ilkinji Gelejegiň oýunlary geçirildi! Russiýa fijital diýlip atlandyrylýan täze sport görnüşlerini döretdi we olar boýunça ýaryş geçirdi. Olar tehnologik, okgunly, ylham beriji we örän gyzykly häsiýete eýe boldy. Adaty we kibersportuň çatrygyndaky ýaryşlara 100-den gowrak ýurtdan tomaşaçylar tomaşa etdiler. Ajaýyp ýaryşlar bilen sporta ýatdan çykmajak tejribäni sowgat etdik. «Gelejegiň oýunlary» dünýäde hakykatdanam umumy ykrar edilen nyşana öwrüldi we bu ägirt uly üstünlikdir. Oýunlaryň netijesinde, Russiýa dünýäniň sport jemgyýetindäki öňdebaryjy ornuny ýene bir gezek subut etdi» diýip, wise-premýer belledi.

Şeýle hem ol açyk we dogruçyl bäsleşendikleri üçin türgenlere, goldawlary hem-de münberlerdäki ýakymly gurşaw üçin tomaşaçylara minnetdarlyk bildirdi.
«Elbetde, myhmansöýer Kazana we Tatarystan Respublikasyna köp sag bolsun aýdýarys. Hyzmatlary gurnanlara, gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň rahatlygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün edenleriň ählisine sag bolsun aýdýarys – muny bu ýerde, Kazanda ajaýyp derejede edip biljekdigiňizi ýene bir gezek subut etdiňiz. Prezidentimiz Wladimir Putine aýratyn minnetdarlyk bildirýäris. Onuň höwesi, hut özüniň gatnaşmagy we ösüp barýan dünýäniň nämä mätäçdigini kesgitlemek üçin gözýetimden aňyrky çäklere seredip bilmek ukyby bize bu çäräni geçirmäge mümkinçilik berdi».
Rustam Minnihanow Kazanyň ýaryşlary guramagyň iň ýokary derejesini ýene bir gezek bütin dünýä görkezendigini belledi.
«Geljegiň oýunlary gaýtalanmajak waka. Ilki bilen, ýurdumyzyň lideri – Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putiniň goldawy bolmazdan, şunuň ýaly giň gerimli ýaryşy geçirmegiň mümkin bolmajakdygyny bellemek isleýärin. Dostlukly ýurtlaryň baştutanlarynyň gatnaşmaklary we goldaw bermekleri Oýunlaryň aýratyn ähmiýete eýe bolmagyna ýardam etdi. Oýunlara gatnaşyjylary mähirli we myhmansöýer garşy alandyklary üçin tatarystanlylara sag bolsun aýdýaryn» diýip, Tatarystanyň Baştutany belledi.
Oýunlar Kazandaky 11 ýaryş desgasynda, Innopolisde we Siriusyň federal çäginde geçirildi. Açylyş we ýapylyş dabaralarynyň, şeýle hem köp sanly ýaryşyň geçirilen esasy ýeri «Kazan Ekspo» sergi merkezi boldy. Ýaryş meýdançalaryna gelen tomaşaçylaryň umumy sany 300 müň adamdan geçdi.
Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Gazagystandan, Belarusdan, Ispaniýadan, Günorta Koreýadan, Filippinlerden, Urugwaýdan, Ekwadordan, Argentinadan hem-de Kolumbiýadan jemi 236 türgen ilkinji Geljegiň oýunlarynda ýeňiji boldular we baýrakly orunlary eýelediler.
Geljegiň oýunlaryna bildirilen gyzyklanma sport dünýäsindäki esasy wakalar bilen deňeçer derejede boldy. Onuň mazmunyny dünýäniň 280-den gowrak teleýaýlymy, şol sanda iri halkara we milli mediaholdingleri tomaşaçylara hem-de okyjylara ýetirdiler. Bäsleşigiň dowamynda 800 sagatdan gowrak göni ýaýlym guraldy.
Dokuzdan gowrak ýurt ýaryş gutarmanka ony öz ýurtlarynda geçirmek isleýändigini mälim etdi.
«Kazan ýaryş bilen hoşlaşýar, ýöne Gelejegiň oýunlary üçin hemme zat indi başlanýar. Biz bütin dünýäniň türgenlerine we tomaşaçylaryna bu lezzeti ýetirmek üçin estafetany indiki ýurtlara geçirýäris. Mümkin boldugyça köp dostymyzy täze herekete, fijital hereketine çekeris. Geljege tarap öňe!» diýip, Dmitriý Çernyşenko aýtdy.
"Russiýa-Yslam dünýäsi: KAZANFORUM-2024" Halkara Ykdysady Forumyň metbugat gullugy








