HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmagy tabşyrdy

Mart 02, 2024 | 13:39 |7806
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem artdyrmagyň möhümdigini belledi.Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem artdyrmagyň möhümdigini belledi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem artdyrmagyň möhümdigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

"Energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem artdyrmak möhümdir. Sebitara we içerki awtomobil ýollaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek möhümdir" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 117,2 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Energetika ministrligi tarapyndan önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,4 göterime deň boldy.

Ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 143,7 göterim, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,8 göterim ýerine ýetirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026