Türkmenistanly talyp garyşyk söweş sungaty boýunça Ukrainanyň Harkow oblastynyň çempiony boldy


Ukrainanyň Harkow şäherinde garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça oblast birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. 19 – 40 ýaş aralygyndaky türgenleriň gatnaşan ýaryşynda 93 kilogram agram derejesinde Harkow politehniki institutynda bilim alýan türkmenistanly talyp Babageldi Halimow birinji orna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.

Babageldi Halimow şu ýylyň ýanwar aýynda jiu-jitsy boýunça Harkow oblastynyň birinjiligi ugrundaky ýaryşda 90 kilogram agram derejesinde hem çempion bolupdy.

Ol 2023-nji ýylda garyşyk söweş sungaty boýunça boýunça Ukrainanyň açyk birinjiliginde birinji orna mynasyp boldy. Ol häzirki wagtda Harkow politehniki institutynyň nebitgaz fakultetiniň 4-nji ýyl talybydyr.
ORIENT news








