HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjandaky Ýanardag Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawyna girizildi

Fewral 27, 2024 | 19:33 |7974
Degişli çözgüde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gol çekdi diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawynyň “Binagärlik ýadygärlikleri” bölümine “Ýanardag” döwlet taryhy-medeni we tebigy goraghanasy hem-de XVII-XVIII asyrara degişli Muhammedli obasyndaky Alidaşy mukaddes ýeri girizildi.Degişli çözgüde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gol çekdi diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawynyň “Binagärlik ýadygärlikleri” bölümine “Ýanardag” döwlet taryhy-medeni we tebigy goraghanasy hem-de XVII-XVIII asyrara degişli Muhammedli obasyndaky Alidaşy mukaddes ýeri girizildi.
Çeşme: gobaku.ru

Degişli çözgüde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gol çekdi diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawynyň “Binagärlik ýadygärlikleri” bölümine “Ýanardag” döwlet taryhy-medeni we tebigy goraghanasy hem-de XVII-XVIII asyrara degişli Muhammedli obasyndaky Alidaşy mukaddes ýeri girizildi.

“Ýanýan dag” diýmegi aňladýan bu täsin ýer Baku şäherinde 27 kilometr uzakda, Apşeron ýarym adasynda ýerleşýär. Bu ýerde ini 10 metre uzaýan çäkde ýeriň astyndaky iri gaz käninden bölünip çykýan tebigy gazyň esasynda alaw ýanýar. Aýdylyşyna görä, bu alaw 4 müň ýyldan bäri ýanyp, hiç wagt öçmändir.

Iri nebitgaz ýurdy hökmünde Azerbaýjanda Ýanardag ýaly ýerler başga-da köp. 13-nji asyryň meşhur syýahatçysy Marko Polo hem bu sebite syýahatynyň dowamynda şäheriň töwereginde ýanýan baky alawlar barada ýazypdyr.

Ýer ýüzünde tebigy esasda ýanýan şunuň ýaly alawly ýerler başga-da bardyr. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Derweze diýen ýerinde ýerleşýär. Ol özüniň täsin görnüşi we göwrümi bilen jahankeşdeleri haýrana goýýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026