3-5-nji mart aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürlik forumy geçiriler


3-5-nji mart aralygynda Aşgabatda owgan öndürijileriniň önümleriniň sergisi we türkmen-owgan işewürler forumy geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Daşary işler ministrligi, Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi we Owganystanyň Söwda we senagat ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi telekeçiler üçin şert döretmek, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky alyş-çalyş we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin sergileri we işewür forumlary geçirmek barada pikir alyşypdylar.
ORIENT news








