HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmenhowaýollary" agentligi okgunly ösüş görkezijileri gazanýar

Fewral 17, 2024 | 00:49 |7761
"Türkmenhowaýollary" agentligi ozalky aýlarda bolşy, howa gatnawlary boýunça hyzmatlarda ýokary ösüş depginleri gazanmak bilen ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynyň arasynda tapawutlanýar."Türkmenhowaýollary" agentligi ozalky aýlarda bolşy, howa gatnawlary boýunça hyzmatlarda ýokary ösüş depginleri gazanmak bilen ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynyň arasynda tapawutlanýar.
Çeşme: orient.tm

"Türkmenhowaýollary" agentligi ozalky aýlarda bolşy, howa gatnawlary boýunça hyzmatlarda ýokary ösüş depginleri gazanmak bilen ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynyň arasynda tapawutlanýar. Raýat awiasiýasy pandemiýa döwründe çäklendirilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldip, howa gatnawlarynyň gerimini giňeldýär. Ýakynda bolsa, "Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - Kuala-Lumpur - Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ösüş depgini 162,8 göterime barabar boldy. Ulag toplumynyň beýleki pudaklarynda deňeçer görkezijiler gazanyldy. Has takygy, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 106,8 göterim, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,2 göterim, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 103,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Ilata hyzmatlary hödürlemekde "Türkmenaragatnaşyk" agentliginde hem 110,5 göterim ösüş bilen oňyn görkeziji gazanyldy.

Şu ýylyň ilkinji aýynda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynda gazanylan görkezijiler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 116,1 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Ulaglaryň ähli görnüşi boýunça ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026