HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanyň ilçisindan ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi

Fewral 15, 2024 | 23:29 |8900
15-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Bhagatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.15-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Bhagatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

15-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Bhagatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetine üns çekdiler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet hem-de syýahatçylyk pudaklary kesgitlenildi. Şeýle hem, sanly we häzirki zaman maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026