HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary Kuala-Lumpurda dabaraly garşylandy

Fewral 16, 2024 | 00:44 |69937
Ilkinji uçuşy ýerine ýetiren uçaryň ekipaž agzalaryny we 228 ýolagçyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri Dato Şri Tiong King Sing garşyladylar.Ilkinji uçuşy ýerine ýetiren uçaryň ekipaž agzalaryny we 228 ýolagçyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri Dato Şri Tiong King Sing garşyladylar.
Çeşme: tourism.gov.my

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy dabara bilen garşylandy. Ilkinji uçuşy ýerine ýetiren uçaryň ekipaž agzalaryny we 228 ýolagçyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri Dato Şri Tiong King Sing garşyladylar.

1-1.jpeg

15-nji fewraldan başlap, degişlilikde 289 we 368 orunlyk Boeing 777-200LR hem-de 777-300ER kysymly ýolagçy uçarlar Aşgabat we Kuala-Lumpur şäherlerine hepdede iki uçuşy ýerine ýetirerler. Aşgabatdan her hepdäniň çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýan bu täze ýolagçy uçar ugry Malaýziýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň arasynda howa gatnawlaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabatdan Kuala-Lumpuryň arasyndaky uçuşyň dowamlylygy 8 sagat 10 minut dowam edip, Malaýziýanyň paýtagtyna iň tiz amatly syýahaty üpjün edýär.

2-1.jpeg

Malaýziýanyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça agentliginiň (Tourism Malaysia) mälim etmegine görä, geçen ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Merkezi Aziýa döwletlerinden Malaýziýa syýahat eden syýahatçylaryň sany 21 910 barabar bolup, 2022-nji ýylyň 11 aýyndaky görkezijä garanda 196,7 göterim ýokarlandy. Degişli döwürde Russiýadan gelen syýahatçylaryň sany hem 2022-nji ýylyň görkezijisinden 360 göterim, pandemiýadan öňki, ýagny 2019-njy ýyldakydan hem 39,5 göterim ýokarlanyp, jemi 100 645 syýahatça deň bolupdyr.

3.jpeg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026