HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi bilen Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi

Fewral 13, 2024 | 20:21 |8074
2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy hanym M.Gonaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy hanym M.Gonaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy hanym M.Gonaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösmeginiň dowam etdirilmegi, köp asyrlyk däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny bellediler.

Köp ýyllyk tejribesine eýerýän we ony berkitmäge mümkinçiligi bar bolan medeni-ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygyny nygtaldy.

2 (1).jpg

Ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini gürrüň berdi hem-de hanym M.Gonaşwilini bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri bilen tanyşdyrdy.

Taraplar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek, beýik şahyryň goşgularyny gruzin diline terjime etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen, hanym M.Gonaşwili munuň özi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gruziýanyň giň okyjylar jemgyýetiniň has giňişleýin tanyşmagyna, şeýle hem ynsanperwer gepleşikleriň, dostluk gatnaşyklaryň we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň özara düşünişmeginiň mundan beýläk hem berkidilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

18:00 Awgust 28, 2026
Adam şekilli robot 100 metr aralygy 8,64 sekuntda geçdi

Adam şekilli robot 100 metr aralygy 8,64 sekuntda geçdi

16:00 Awgust 28, 2026
Windows on Arm täze derejä çykýar: Microsoft platformasyna Nvidia goşulýar

Windows on Arm täze derejä çykýar: Microsoft platformasyna Nvidia goşulýar

15:26 Awgust 28, 2026