HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Deňiz ulaglary babatda Türkmen – Eýran gatnaşyklary ösüş ýolunda

Fewral 14, 2024 | 09:22 |8773
2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tehran şäherinde “Eýran Deňiz Ykdysadyýeti” forumy öz işine başlady. Foruma Eýran tarapynyň çagyrmasy esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tehran şäherinde “Eýran Deňiz Ykdysadyýeti” forumy öz işine başlady. Foruma Eýran tarapynyň çagyrmasy esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan berildi

2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tehran şäherinde “Eýran Deňiz Ykdysadyýeti” forumy öz işine başlady. Foruma Eýran tarapynyň çagyrmasy esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda Eýran tarapyndan ulag kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we işewür taraplarynyň wekilleri gatnaşyp, forumyň dowamynda demirgazyk-günorta geçelegesiniň, günbatar-gündogar geçelgelerinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda halkara söwda we ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çykyşlar edildi. Hususan-da, üç sany gatnaw ugrurlary aýratyn bellenip geçildi:

Ýewropa - Russiýa - Azerbaýjan - Eýran - Hindistan;

Russiýa - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran - Hindistan;

Russiýa - Eýran - Hindistan ulag geçelgeleri.

Şeýle-de, forumyň çäklerinde Eýranyň Portlar we deňiz guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirilip, Türkmenistanyň deňiz port ulgamy, milli deňiz söwda floty hem-de gämigurluşyk mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyş edildi. Mundan beýläk hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Eýranyň demirgazyk (Enzeli, Amirabad, Nouşehir we beýlekiler) portlarynyň kuwwatlygy, dolanyşygy we beýleki daşary ýurt kompaniýalara ýeňillik bermek mümkinçilikleri hakynda pikirler alyşyldy.

Şeýle hem “Behineh Tarabar Azhour” kompaniýasynyň baş geňeşçisi M.B. Akdam bilen tegelek stoluň başynda aýratyn gepleşikler geçirildi. Kompaniýanyň wekili Hazar deňzinde konteýner daşama we Amirabad-Baku ugry boýunça ýük daşama hyzmatlary barada beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda ilerde ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak islegini bildirdi.

Türkmen wekiliýeti Amirabad portunda hem saparda bolarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026