HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin hytaýlylary Bahar baýramy bilen gutlady

Fewral 10, 2024 | 15:49 |10225
HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň, Döwlet geňeşiniň adyndan ýurduň ähli halkyny Bahar baýramy bilen gutlady.HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň, Döwlet geňeşiniň adyndan ýurduň ähli halkyny Bahar baýramy bilen gutlady.
Çeşme: dzen.ru

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň, Döwlet geňeşiniň adyndan ýurduň ähli halkyny Bahar baýramy bilen gutlady. Bu barada "Sinhua" habarlar agentligi mälim edýär.

Pekin şäherindäki Halk ýygnagy öýünde çykyş etmek bilen, Si Szinpin Sýangandaky, Taýwandaky ähli watandaşlaryna, ýurduň içindäki we daşyndaky hytaý etniki toparlaryna gutlaglaryny ýollady.

Ol gutlagynda döwrebaplaşmagyň hytaý nusgasyny ilerletmekde täze sahypany ýazmaga çagyrdy.

"Geçen ýylda alyp baran ýeňil bolmadyk işlerimize nazar aýlamak bilen, biz kuwwatly döwleti we Hytaýy döwrebaplaşdyrmak arkaly milli galkynyşy döretmek işini hemmetaraplaýyn goldamagyň diňe bir hytaý hakynyň gülläp ösmegine däl, eýsem onuň parahatçylyga we dünýäde ösüşiň dabaralanmagyna eltýän adalatly ýoldugyna göz ýetirýäris. Dogry ýolumyza we ilkinji tagallalarymyza ygrarly bolmak bilen, biz bilelikde işlemek arkaly saýlap alan ýolumzydaky ähli kynçylyklary we ýagdaýlary ýeňip geçeris we üstünliklere ýeteris! Siziň ähliňize berk jan saglyk, üstünlikli işlemegi we maşgala bagtyýarlygy, Aždarha ýylynda şowlulyklary arzuw edýärin" diýip Si Szinpin aýtdy.

Başlyk Si Szinpin alnyp barylýan işleriň esasy maksatlaryna - ösüşi we durnuklylygy gazanmaga, ykdysady durmuş ukyplylygy netijeli gowulandyrmaga, töwekgelçilikleriň öňüni almaga we aradan aýyrmaga, ilatyň durmuş şertlerini hem-de onuň derejesini ýokarlandyrmaga eýermegiň möhümdigini belledi.

Hytaý Täze ýyly - Çunsze (Bahar baýramy) - 2 müň ýyldan gowrak wagt bäri bellenilip, hytaý halkynda iň esasy baýram hasaplanylýar. Onuň ýetip gelmegi gyşky Gün durmasyndan soň ikinji Aýyň dogýan wagtyna gabat gelýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026