HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sadyr Žaparow Serdar Berdimuhamedowa beren kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi

Fewral 06, 2024 | 21:38 |9263
Şu gün, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.Şu gün, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Çeşme: president.kg

Şu gün, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň adyndan we öz adyndan Bişkekdäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa bilen baglanyşykly ýagdaýa duýgudaşlyk bildirdi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan Gyrgyzystana ynsanperwer kömegini iberdi we zerur bolsa ähli kömegi bermäge taýýardygyny bellemek bilen häzirki ýagdaýy ýeňip geçmäge goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Sadyr Žaparow, gyrgyz halkynyň adyndan we öz adyndan bu kyn pursatda goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Gyrgyzystanyň döwlet ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, onuň ýurdy ilkinji bolup kömege gelen Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Prezidentler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm meseleler, şol sanda özüniň ösüşini görkezýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Telefon söhbetdeşligi gyrgyz tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026