Aşgabatda “Google Developer Groups-yň” tehno-seminary geçirildi


Ýekşenbe güni “Google-yň” işläp taýýarlaýjylar topary (GDG) Aşgabatda “Google” korporasiýasynyň işläp taýýarlaýjylara hödürleýän mümkinçiliklerine bagyşlap, çäre gurady. Tehnologiýa söhbetdeşligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçirildi. Çärä tejribelik geçýän işläp taýýarlaýjylar, işewür wekiller we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
“GDG Ashgabat” çäresini guraýjylar “Google” kompaniýasynyň tehnologiýa ägirtlerinden tälim almaga we öz taslamalaryny durmuşa geçirmäge býujet serişdeleri bölüp berýän mümkinçilikler barada gatnaşyjylara gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmenistandaky ilkinji “Google-yň” talyplar işläp taýýarlaýjylar kluby (GDSC IUHD) çykyş etdi. Onuň wekilleri talyp ýaşlara niýetlenen “Solution Challenge” atly her ýylda geçirilýän taslama barada bu ýere gelenlere gürrüň berdiler.
Şu ýyl türkmenistanly talyplar ilkinji gezek ählumumy bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Taslama we onuň talaplary barada habarlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen “GDG Ashgabat” we “GDSC IUHD” toparlary gazak talyby Madiýar Modabaýew bilen geçiren söhbetdeşligi ýazga aldylar. Bu talybyň taýýarlan taslamasy dünýäniň iň aňrybaş 10 çözgüdiniň sanawyna girizildi.
Çäräniň ahyrynda çykyş eden “Microsoft-da” iş tejribeligini geçýänler diňleýjilere “Google-yň” “Gemini AI” emeli intellekt nusgasy barada gürrüň berdiler. Şunda “Google Gemini” we “OpenAI GPT-4” emeli intellekt nusgalarynyň aýratynlyklary deňeşdirildi. Çykyş edenler şeýle hem emeli intellekti işewürlikde, maglumat tehnologiýalarynda, internet çeşmelerini taýýarlamakda we işleri awtomatlaşdyrmakda ulanylyşynyň mysallaryny belläp geçdiler.
ORIENT news








