HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hökümet mejlisinde goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça işlere garaldy

Ýanwar 27, 2024 | 00:40 |8213
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere suw serişdelerimiziň tygşytly we maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi, goşmaça suw gorlaryny döretmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere suw serişdelerimiziň tygşytly we maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi, goşmaça suw gorlaryny döretmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Çeşme: orient.tm

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, suwaryş hem-de şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere suw serişdelerimiziň tygşytly we maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi, goşmaça suw gorlaryny döretmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ekologiýa gün tertibi barada durup geçmek bilen wise-premýer Atahallyýew döwlet tebigy we çäkli goraghanalarynda ýabany haýwanlary, ýurdumyzda gyşlaýan, göçýän guşlary goramak hem-de seýrek duş gelýän ýabany haýwanlaryň sanyny hasaba almak babatda ylmy-barlag işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň döwlet tebigy goraghanalarynda türkmen arçasy, dagdan, pisse agaçlarynyň, aýratyn goralýan tebigy ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň seýrek we gymmatly görnüşlerini köpeltmek, olary tebigy ösýän ýerlerinde ýaýratmak boýunça goraghanalaryň ylmy-synag meýdançalarynda ylmy-tejribe işleri geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026