Günorta Koreýada daşary ýurt walýutasyndaky depozitler yzly-yzyna üçünji aý rekord derejä ýetdi
Dünýä ykdysadyýetindäki üýtgeşmeleriň şertlerinde kompaniýalaryň we maliýe guramalarynyň daşary ýurt walýutasynda saklaýan serişdeleri halkara söwdasynyň hem-de maýa akymlarynyň hereketini görkezýär. Günorta Koreýada walýuta depozitleriniň möçberi, esasan, ABŞ dollaryndaky serişdeleriň artmagy netijesinde ýokarlanmagyny dowam etdirýär.
Günorta Koreýanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, ýurduň rezidentleriniň daşary ýurt walýutasyndaky depozitleriniň umumy möçberi sentýabr aýynyň ahyrynda öňki aý bilen deňeşdirilende 14,09 milliard dollar artyp, 154,71 milliard dollara ýetdi.
Bu görkeziji Merkezi bankyň 2012-nji ýylyň iýun aýynda degişli statistiki maglumatlary toplap başlamagyndan bäri iň ýokary dereje boldy. Iň ýokary görkezijileriň yzly-yzyna üçünji aý hasaba alynmagy bilen, iýul aýynda başlanan rekord ösüş dowam etdi.
ABŞ dollaryndaky depozitler 12,99 milliard dollar artyp, 132,90 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde, dollar depozitleri yzly-yzyna dördünji aý rekord derejä çykdy. Bu ösüş iri kompaniýalaryň eksport we beýleki söwda amallaryndan tölegleri almagy, gymmatly kagyzlar bazarynda işleýän kompaniýalaryň müşderileriniň serişdeleriniň artmagy, şeýle hem döwlet kärhanalarynyň daşary ýurt walýutasyndaky obligasiýalary çykarmak arkaly maliýe serişdelerini çekmegi bilen baglanyşykly boldy.
Ýapon ýenindäki depozitler 550 million dollar artyp, 9,49 milliard dollara, ýewrodaky depozitler bolsa 370 million dollar artyp, 9,53 milliard dollara ýetdi.
Kompaniýalaryň walýuta depozitleri 13,11 milliard dollar artyp, 136,60 milliard dollara ýetdi we yzly-yzyna üçünji aý rekord görkeziji hasaba alyndy. Şahsy adamlaryň depozitleri bolsa 980 million dollar artyp, 18,11 milliard dollara deň boldy.
CCTV+ habar bermegine görä, Koreýa Respublikasynyň Merkezi bankynyň maglumatlary ýurtda walýuta depozitleriniň rekord derejede artmagynyň esasan daşary söwda amallaryndan, maýa goýum işlerinden we döwlet kärhanalarynyň daşary ýurt walýutasyndaky obligasiýalary çykarmagyndan gelip gowuşýan ABŞ dollarynyň möçberiniň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.








