HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Budapeşt Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Ýanwar 26, 2024 | 15:50 |7171
Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow türkmen-wenger hyzmatdaşlygy, şäherara diplomatiýasyna degişli ýerli ýolbaşçylar bilen birnäçe gepleşikleri geçirdiler.Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow türkmen-wenger hyzmatdaşlygy, şäherara diplomatiýasyna degişli ýerli ýolbaşçylar bilen birnäçe gepleşikleri geçirdiler.
Çeşme: austria.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow türkmen-wenger hyzmatdaşlygy, şäherara diplomatiýasyna degişli ýerli ýolbaşçylar bilen birnäçe gepleşikleri geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçihanasy habar berýär.

Wengriýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar hyzmatdaşlygy boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Şiftir bilen geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň Wenriýadaky we bu ýurduň Türkmenistandaky Medeniýet günleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler Wengriýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Mat Winçe bilen bolan duşuşykda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wengriýanyň paýtagtynyň häkiminiň baş geňeşçisi Ýunoş Kendernaý bilen geçirilen gepleşiklerde Budapeşt we Arkadag şäherleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meseleleri maslahatlaşyldy. Birek-birekde guralýan çärelere ýurtlaryň wekiliýet toparlarynyň çagyrylmagy özara gatnaşyklaryň ýakyn binýadyny emele getirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026
Günorta Koreýada daşary ýurt walýutasyndaky depozitler yzly-yzyna üçünji aý rekord derejä ýetdi

Günorta Koreýada daşary ýurt walýutasyndaky depozitler yzly-yzyna üçünji aý rekord derejä ýetdi

15:00 Oktýabr 30, 2026
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026