HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dawos 2024: maýadarlar asuda bazara garaşýarlar, emma öňdebaryjy kompaniýalaryň IPO girip biljekdigi bellenilýär

Ýanwar 22, 2024 | 15:15 |19166
Bilermenler 2024-nji ýylda birnäçe geljegi uly kompaniýanyň bazara çykmagyna garaşýarlar. Bu barada Nýu-Ýork gazna biržasynyň başlygynyň orunbasary Jon Tattl gürrüň berdi diýip, «Euronews» habar berýär.Bilermenler 2024-nji ýylda birnäçe geljegi uly kompaniýanyň bazara çykmagyna garaşýarlar. Bu barada Nýu-Ýork gazna biržasynyň başlygynyň orunbasary Jon Tattl gürrüň berdi diýip, «Euronews» habar berýär.
Çeşme: weforum.org

Bilermenler 2024-nji ýylda birnäçe geljegi uly kompaniýanyň bazara çykmagyna garaşýarlar. Bu barada Nýu-Ýork gazna biržasynyň başlygynyň orunbasary Jon Tattl gürrüň berdi diýip, «Euronews» habar berýär.

Ýakynda Dawosda tamamlanan Bütindünýä ykdysady forumynyň netijelerine görä, Jon Tattl kompaniýalaryň arasyndaky meýiller we ählumumy ýagdaýyň şu ýylda täze kompaniýalaryň paýnamalarynyň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) nähili täsir edip biljekdigi barada aýtdy.

«Hatda dünýä liderleriniň ýygnanýan ýeri bolan Dawosda hem köpler ABŞ-da saýlawlaryň geçiriljek ýylynda bazaryň asuda boljakdygyny aýdýarlar. Men munuň bilen ylalaşmaýaryn. IPO (paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegi) üçin mümkinçilikler az bolar diýip pikir edýärin, emma ýokary hilli kompaniýalar haçan-da taýýar bolanlarynda bazara girip bilerler. 2024-nji ýylda bolsa şeýle kompaniýalar köp» diýip, Nýu-Ýork gazna biržasynyň başlygynyň orunbasary belledi.

Şu ýyl Dawosdaky forum Hytaýyň 2017-nji ýyldan bäri iň uly wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bellendi. Premýer Li Sýan Hytaýyň işewürlik üçin açykdygyny we halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Şeýlelikde, ýurtda pandemiýadan we barha artýan geosyýasy dartgynlykdan soň maýa goýumlaryny çekmegi meýilleşdirýär. Munuň özi ýurduň öňdebaryjy dünýä döwleti hökmündäki derejesini dikeltmek isleýändiginiň aýdyň alamatydyr.

Şeýle hem Hindistan foruma gatnaşygyny güýçlendirip, uly ünsi çekdi. Häzirki wagtda Hindistan çalt ösýän innowasion ýurt we uly mümkinçiliklere eýe bolan dünýäniň işewürlik merkezi hasaplanýar. Dawosda emeli aň bilen baglanyşykly kompaniýalaryň bolmagy hem adaty zatdyr. Bu tehnologiýa dünýä ykdysadyýetinde barha möhüm orny eýeleýär we ony işläp düzýän kompaniýalaryň ösüş babatda uly mümkinçilikleri bardyr.

Ýatlatsak, Dawos şäherinde geçirilen Bütindünýä ykdysady forumy – her ýylda Dawos şäherinde işewürlik duşuşyklaryny guramak bilen meşhur bolan Şweýsariýanyň Hökümete degişli bolmadyk guramasydyr. Duşuşyklara öňdebaryjy işewür ýolbaşçylar, syýasy baştutanlar, görnükli akyldarlar we žurnalistler çagyrylýar. Olaryň dowamynda dünýädäki iň derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026