HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan we Türkmenistan halkara ýük daşalşy boýunça ýygymlary we tölegleri ýeňilleşdirýär

Ýanwar 14, 2024 | 13:50 |7750
Özbegistan we Türkmenistan halkara ýük daşamak boýunça ýygymlary we tölegleri optimizirlemek isleýär diýip, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.Özbegistan we Türkmenistan halkara ýük daşamak boýunça ýygymlary we tölegleri optimizirlemek isleýär diýip, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: mintrans.uz

Özbegistan we Türkmenistan halkara ýük daşamak boýunça ýygymlary we tölegleri optimizirlemek isleýär diýip, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

10-njy ýanwarda iki ýurduň bilermenler toparynyň wekilleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýük daşaýjylaryndan halkara ýol ulag gatnawlary üçin alynýan ýygymlar we tölegler meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda taraplar Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň çäginden halkara ýük daşalşyna gatnaşyjylara wiza almak proseduralaryny ýönekeýleşdirmek üçin hökümetara şertnamasynyň taslamasyna gol çekmegi çaltlaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistan Özbegistanyň rugsatnamalaryny hakyky wagtynda onlaýn alyş-çalyş etmegi üpjün edýän “E-permit” ulgamyna geçmek tejribesini öwrenmäge hem gyzyklanma bildirdi.

Geçen ýylyň iýun aýynda Özbegistan we Türkmenistan sanly ýük ulag ulgamyny (e-TIR) işe girizdi. Hususan-da, bu ýurtlaryň arasyndaky harytlary resmileşdirmek işini gowulandyrmaga we onuň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berdi.

Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar, geljekde durmuşa geçirilmeli meseleleri hem kesgitlediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026