HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Elman Tagaýew geçen möwsümiň iň gowy futbol oýunçysy boldy

Ýanwar 15, 2024 | 11:17 |7374
“Ahal” futbol toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew Türkmenistanda geçen möwsümiň iň gowy futbolçysy, “Arkadag” toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew bolsa, milli çempionatyň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi.“Ahal” futbol toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew Türkmenistanda geçen möwsümiň iň gowy futbolçysy, “Arkadag” toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew bolsa, milli çempionatyň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

“Ahal” futbol toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew Türkmenistanda geçen möwsümiň iň gowy futbolçysy, “Arkadag” toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew bolsa, milli çempionatyň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi. Bu karar, ses berişligiň netijelerine esaslanyp, ýurduň futbol boýunça ýokary ligasynyň wekilleri we sport žurnalistleri tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan “fair-play” baýragy iň arassa, düzgün-tertipli oýunlary görkezen “Altyn Asyr” futbol toparyna gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti habar berýär.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-siniň sanawy şular diýlip kesgitlendi:

Birinji düzümde Rasul Çaryýew («Arkadag») – derwezeçi; Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow (ikisi-de «Arkadag»), Hakmuhammet Bäşimow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de «Ahal») – goragçylar; Welmyrat Ballakow, Arslanmyrat Amanow, Begmyrat Baýow (hemmesi «Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal») – ýarymgoragçylar; Didar Durdyýew («Arkadag»), Wahyt Orazsähedow («Altyn asyr») – hüjümçiler.

Ikinji düzümde Rahat Japarow ( «Ahal») – derwezeçi, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (ikisi-de «Arkadag»), Ata Geldiýew («Ahal»), Zafar Babajanow («Altyn Asyr») – goragçylar; Şanazar Tirkişow («Arkadag»), Magtymberdi Berenow («Nebitçi»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Ahmet Ataýew («Altyn asyr») – ýarymgoragçylar; Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag»), Hojanazar Gurbanow (Aşgabat») – hüjümçiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026