HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylda adamlaryň durmuşyny özgertjek 10 tehnologiýa

Ýanwar 12, 2024 | 01:36 |10539
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçuset tehnologiýa institutynyň hünärmenleri adamlaryň durmuşyny düýpli özgertjek 10 sany tehnologiýany atlandyrdylar.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçuset tehnologiýa institutynyň hünärmenleri adamlaryň durmuşyny düýpli özgertjek 10 sany tehnologiýany atlandyrdylar.
Çeşme: mit.edu

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçuset tehnologiýa institutynyň hünärmenleri adamlaryň durmuşyny düýpli özgertjek 10 sany tehnologiýany atlandyrdylar.

Hemmeler üçin emeli intellekt

Emeli intellektiň asyry geldi: ýüzlerçe million adam islegine görä, tekstleri, suratlary, wideolary we beýleki mazmunlary döredýän emeli intellektiň gurallaryny ulanýar. Tehnologiýa IT senagatyny özgertdi we bu ugurda ýöriteleşen başlangyçlara uly maýa goýumlary gönükdirmäge iterdi.

Ýokary netijeli Gün fotoelementleri

Gün energiýasy bütin dünýäde barha köp ulanylýar. Ol kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňylmagynyň derejesini peseldýär. Şeýle-de bolsa, häzirki Gün panellerinde netijelilik azlyk edýär. Bu bolsa şu ýylda oňyn çözüljek meseledir.

Apple Vision Pro

“Apple” kompaniýasynyň wirtual hakykatly ilkinji garyşyk gulaklygy – “Vision Pro” enjamynyň satuwyna ýakyn wagtda başlanar. Ol şu görnüşli enjamlaryň arasynda iň uly ekranly bolar. Kompaniýanyň bu önüminiň tehnologiýa bazarynda täze akymy döretmegi ahmal.

Semizligiň öňüni alýan derman serişdeleri

BSSG semizligi häzirki döwrüň pandemiýasy hasaplaýar. Bu ugurda “Mounjaro” we “Wegovy” derman serişdeleri semizligiň netijeli dermanlary hökmünde özlerini subut etdiler. Şeýle hem bu dermanlar ýürek ýetmezçiliginiň öňüni alyp bilerler.

Kämilleşdirilen geoýylylyk ulgamlar

Geoýylylyk energiýa ekologiýa taýdan arassa, elmydama elýeterli we gutarnyksyz diýen ýalydyr. Inženerçilik ulgamynda alnyp barlan barlaglaryň çäkliligi sebäpli onuň mümkinçilikleri entek doly durmuşa geçirilmedikdir. Täze buraw tehnologiýalary muny has çuň we öň elýeterli bolmadyk ýerlerde amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Çipletler

Inženerler kompýuterleri has çalt we kuwwatly etmegiň ýollaryny yzygiderli gözleýärler. Çipletler – bu aýratyn funksiýalar üçin has çylşyrymly integral zynjyrlary birleşdirip biljek kiçi modullardyr. Şeýlelikde, Massaçuset tehnologiýa institutynyň alymlarynyň pikiriçe, çipletler hem dünýämizi üýtgedip biljek tehnologiýalaryň sanawyna girizildi.

Genleri redaktirlemek

2023-nji ýylyň ahyrynda gen redaktirleýji derman ilkinji gezek ABŞ-da we Angliýada adamlarda ulanmak üçin tassyklandy. Bu derman “Vertex” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülip, ol orak-öýjük keselini we transfuziýa bagly beta talassemiýany bejermek üçin niýetlenendir.

Ekzaflops kompýuterleri

Dünýäniň iň güýçli superkompýuterleri sekuntda kwintillion (milliard sany milliard ýa-da 18 nolly görkeziji) amallary hasaplamaga ukyplydyr. Bu alymlara köp mukdarda maglumatlary gaýtadan işlemäge we çylşyrymly simulýasiýalary gurmaga mümkinçilik berýär. Çylşyrymly kompýuter amallary howanyň barlaglary, atom sintezi ýaly ugurlarda giňden duş gelýär.

Ýylylyk nasoslary

Ýylylyk nasoslary öýleri ýylatmagy we sowatmagy üpjün edýän elektrik ýylylyk geçiriji enjamlardyr. Tehnologiýa atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmaga kömek edip biler.

“Twitteriň” ýerini tutujylar

Ilon Mask “Twitter” sosial ulgamyny 2022-nji ýylyň ahyrynda satyn alyp, oňa “Х” adyny berdi. Şondan soň, kompaniýanyň işgärleriň köpüsi iş ýerlerini täzelediler. Bu bolsa, kompaniýanyň işinde päsgelçilikleri döretdi we mahabat berijileriň gyzyklanmasyny gaçyrdy. Olar soňky döwür meşhurlyga eýe bolýan “Bluesky” we “Threads” ýaly “Twitteriň” ýerini tutup biljek sosial ulgamlara has ýykgyn edýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026