HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Duşanbe iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin mümkinçiliklere seredýär

Ýanwar 09, 2024 | 19:05 |9458
Aşgabatda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. 9-njy ýanwarda Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.Aşgabatda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. 9-njy ýanwarda Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Aşgabatda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. 9-njy ýanwarda Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşygyň esasy temasy, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň maý aýynda Duşanbe şäherine amala aşyran döwlet sapary wagtynda gazanylan ylalaşyklary we geçen ýylyň noýabr aýynda Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen söwda, ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň mejlisiniň kararlaryny öňe sürmek barada boldy.

Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ünsi jemlediler we iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini bellediler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşi barada aýdylanda bolsa, Medeniýet günlerini geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň zerurlygy hem bellendi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berlişine görä, parlamentleriň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň we parlament wekiliýetleriniň saparlarynyň alyş-çalşygynyň geljegi barada-da pikir alşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026