Saud Arabystany zehinli daşary ýurt raýatlaryny ýurda çekmek boýunça täze maksatnamalary işe girizdi


Saud Arabystany penşenbe güni ýokary hünärli hünärmenleri we maýa goýumlary ýurda çekmäge, ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen täze maksatnamalary işe girizdi. Aýlagdaky arap ýurdunyň esasan gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň hasabyna ykdysadyýetini ösdürýändigi bellärliklidir.
Bu başlangyç iş üpjünçilik mümkinçiliklerini artdyrmak we bilimleriň paýlaşylmagyny aňsatlaşdyrmak arkaly ýurduň ykdysady özgerişine ýardam etmekden ybaratdyr.
Hazirlikçe, saglygy goraýyş, sport we gozgalmaýan emläk ugurlary boýunça hünärmenleri ýurda çekmek bäş sany ileri tutulýan maksatnamany işe girizmek göz öňünde tutulýar.
Hünärmenlere Saud Arabystanynda ýerleşmek, iş alyp barmak, emläk edinmek we maşgala agzalary üçin iş rugsadyny almak üçin mümkinçilik döreder.
Bu başlangyç Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salmanyň ýurduň ykdysadyýetini nebite garaşlylykdan aýyrmak baradaky “Görüş-2030” atly ykdysady öwrülişik meýilnamasynyň bir bölegidir. Ol ýurda milliardlarça dollar göni daşary ýurt maýa goýumlaryna çekmegi hem öz içine alýar.
ORIENT news








