HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türki dünýäsi barada koreý dilinde 8 jiltlik kitap çykaryldy

Ýanwar 11, 2024 | 22:48 |9087
Koreýa Respblikasynyň Dongduk zenanlar uniwersitetiniň ýanyndaky Ýewraziýanyň türki ýurtlary boýunça institutynyň ylmy-barlag taslamasy esasynda “Türki dünýäsiniň we ynsanperwer ylymlarynyň ensiklopediýasy” atly 8 jiltlik kitap çap edildi.Koreýa Respblikasynyň Dongduk zenanlar uniwersitetiniň ýanyndaky Ýewraziýanyň türki ýurtlary boýunça institutynyň ylmy-barlag taslamasy esasynda “Türki dünýäsiniň we ynsanperwer ylymlarynyň ensiklopediýasy” atly 8 jiltlik kitap çap edildi.
Çeşme: ekn.kr

Koreýa Respblikasynyň Dongduk zenanlar uniwersitetiniň ýanyndaky Ýewraziýanyň türki ýurtlary boýunça institutynyň ylmy-barlag taslamasy esasynda “Türki dünýäsiniň we ynsanperwer ylymlarynyň ensiklopediýasy” atly 8 jiltlik kitap çap edildi. Ony taýýarlaýjylaryň belleýşi ýaly, bu kitap türki dünýäsine düşünmek üçin zerur bolan ynsanperwer ylymlarynyň esasy ýörelgelerini ulgamlaşdyrýan dünýäde ilkinji neşir bolup durýar.

Türkologiýa – bu ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlarynyň ähli ugurlaryny, şol sanda asyl gelip çykyşy Ýewraziýa yklymy bolan türki halklarynyň dilini, medeniýetini, jemgyýetini, syýasatyny we dinini öwrenýän giňişleýin akademiki ugurdyr.

Türki halklaryň ýaşaýan sebitleýin gurşawyna Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlary, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Altaý, Tywa, Hakasiýa, Saha, Başkortostan we Tatarystan ýaly sebitleri hem-de Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýony girýär.

“Türk ynsanperwer ensiklopediýasynyň maglumat bazasyny döretmek” taslamasy Koreýanyň Milli ylmy-barlag gaznasynyň 2018-nji ýyldaky esasy ylmy-barlaglar taslamasy bäsleşiginde ýeňiji boldy. Ensiklopediýany taýýarlamagyň üstünde 21 alym 5 ýyllap işledi.

Ensiklopediýa kagyz kitaby hökmünde we “PDF” elektron görnüşinde görnüşinde neşir edildi. Ol 8 jiltden we 4000-den gowrak sahypadan ybarat diýip, Günorta Koreýanyň “Energy Economic” gazeti habar berýär.

Russiýadan Merkezi Aziýa we Türkiýä çenli uzap gidýän türki dilli medeni çägi Ýewraziýa sähralarynyň we Ýüpek ýolunyň çarwa medeniýeti bilen berk baglanyşykly bolup, geosyýasy we geo-ykdysady ähmiýeti barha artýar.

Hususanda, Koreýa üçin türki halklary bilen dil we medeni gatnaşyklary kesgitlemek, özara düşünişmek meselesinde ylalaşygy giňeltmekde bu sebitde ynsanperwer ugurda ylmy-barlaglary güýçlendirmek möhümdir. Alymlaryň pikiriçe, munuň üçin diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem halk köpçüligi üçin-de türk medeniýeti barada esasy bilimleri bilmek zerurdyr.

Şoňa laýyklykda türki halklarynyň ynsanperwer ensiklopediýasy bu maglumat boşlugyny doldurar we geljekki ylmy barlaglary janlandyrar. Şeýle hem neşiriň alymlara, kärhanalara, kompaniýalara we raýatlara türki dilli ýurtlar bilen baglanyşykly möhüm ynsanperwer maglumatlary berer.

Ensiklopediýany Koreýanyň “Naver” sanly platformasyndan, Dongduk zenanlar uniwersitetiniň ýanyndaky Ýewraziýanyň türki ýurtlary boýunça institutynyň web-saýtyndan ýa-da blogyndan tapyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026