Türkmenistan we Owganystan bilelikdäki demir ýol taslamasyny durmuşa geçirip başlar


Owganystanyň demirýol müdirligi (ARA) bu edaranyň başlygy bilen Türkmenistanyň ilçisiniň arasynda geçirilen duşuşykda bilelikdäki demir ýol taslamalaryny giňeltmek üçin beýleki tarapa ýer bermek barada Ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.
“ARA”-nyň habaryna görä, “Taliban” hökümetiniň demirýol müdirliginiň başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat, Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow bilen bilelikdäki demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin ýer bermek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.
Maglumatlara görä, Owganystanyň demir ýol müdirligi Türkmenistana “Hyrat-Turgundi” tranzit ýolunda örtükleriň we täze şahalaryň gurluşygy boýunça amaly işe başlamak üçin ýer berer.
Habarda iş ýerini kesgitlemek üçin Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatyna toparyň iberilendigi aýdylýar.
16-17-nji dekabr aralygynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we degişli ýolbaşçylar bilen TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçiriliş ýagdaýy, şeýle hem Owganystanyň demir ýol infrastrukturasyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hyratyň demirgazygyndaky Turgundi şäherine eden sapary wagtynda R.Meredow Owganystan-Türkmenistan demir ýolunyň gurluşygyna hem baryp gördi.
ORIENT news








