HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awtoulaglarda halkara daşamalary üçin rugsatnamalary “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” kärhanasynyň ähli şahamçalarynda alyp bolýar

Ýanwar 11, 2024 | 22:05 |6313
2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň şahamçalarynda daşary ýurtlaryň halkara daşamalary üçin rugsatnamalaryny resmileşdirip bolýar.2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň şahamçalarynda daşary ýurtlaryň halkara daşamalary üçin rugsatnamalaryny resmileşdirip bolýar.
Çeşme: landing.unicoreoverseas.com

2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň şahamçalarynda daşary ýurtlaryň halkara daşamalary üçin rugsatnamalaryny resmileşdirip bolýar.

Bu täzeçillik awtoulagly daşamalary amala aşyrýanlar üçin giriş we çykyş amallaryny aňsatlaşdyrmaga, halkara ýük daşamalary üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Resminamalary seljermek, rugsatnama bermek bölümleri Ahal welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde hereket eder. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bu hyzmaty ýol gözegçilik bölümleri amala aşyrar. Serhetlerdäki barlag-geçiriş nokatlarynda ýol gözegçilik gulluklary Özbegistana, Gazagystana we Azerbaýjana gitmek üçin rugsatnamalary resmileşdirer.

Şeýle hem agentlik Türkmenbaşy halkara deňiz portundandaky geçiriş nokadyndan Artyk, Howdan, Sarahs, Garabogaz, Altyn Asyr, Daşoguz, Könürgenç, Gazojak, Farap, Ymamnazar we Serhetabat nokatlaryna çenli Azerbaýjanyň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek işleriniň “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň degişli bölümleri tarapyndan amala aşyrylýandygyny habar berýär.

Degişli bölümleriň salgylary we telefon belgieri:

Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherindäkiresminamalary seljermek we rugsatnamalar bölümi:

Aşgabat, Arçabil şaýoly, 126.

Telefon: +993 12 39-02-61.

Serhet geçiriş nokadyndaky ýol gözegçilik gullugy:

Aşgabat, Arçabil şaýoly, 126.

Telefon: +993 12 39-02-74.

Balkan welaýatynda ýol hereketine gözegçilik etmek boýunça departament:

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Beýik ýüpek ýoly köçesiniň ugrundaky ýolagçy awtoduralgasy.

Номер телефона: +993 61 08-86-62.

Daşoguz welaýatyndaky ýol gözegçilik bölümi:

Daşoguz welaýaty, Könürgenç şäheri, Ylham köçesi, 5-nji jaý.

Telefon: +993 322 6-64-95.

Lebap welaýatyndaky ýol gözegçilik bölümi:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheriniň 2-nji zolagynda Mary-Türkmenabat ýolunyň ugrunda ýerleşýän “Altyn asyr” awtomenzili.

Telefon: +993 61 94-54-44.

Mary welaýatyndaky ýol gözegçilik bölümi:

Mary welaýaty, Mary şäheri, Ýeňşiň 50 ýyllygy köçesi, 52-nji jaý

Telefon: +993 522 5-60-28.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026