Ýaponiýa Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge gatnaşýar


Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi dekarbonizasiýalaşdyrmak ulgamynda Özbegistanyň we Gazagystanyň Hökümetleri bilen Ähtnamalara gol çekdi.
Sişenbe güni gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Ýaponiýa Merkezi Aziýanyň iki ýurduna energiýa tygşytlaýjy we gaýtadan dikeldilýän energetikanyň tehnologiýalaryny iberer. Bu barada “Japan news” habarlar agentligi mälim edýär.
Özbegistanyň we Gazagystanyň energetika ministrleri bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri öz ýurdunyň energetika geçiş hem-de senagat ösüşi ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna ynandyrdy.
Habar berlişine görä, Ýaponiýanyň degişli döwlet edarasy şeýle resminamalara Türkmenistan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilen hem baglaşar. Bu resminamalaryň esasy maksady ýel elektrik desgalaryny gurluşygynyň taslamalary boýunça ýerli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmekden we şeýe desgalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan ybarat bolar.
Gaýatdan dikeldilýän energetika pudagy çarşenbe güni Daşkentde geçirilen Özbek-ýapon işewürlik forumynyň hem aýratyn mazmunyny düzdi.
ORIENT news








