«Türkmenaragtnaşyk» agentliginiň ýaşlary Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby bilen tanyşdylar


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünar okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.
Dabara agentligiň garamagyndaky degişli kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler bu kitabyň diňe bir türkmen ýaşlary üçin däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin hem ýol görkeziji boljakdygyny bellediler. Bu neşir her bir türkmenistanlynyň zähmet çekýän işinde gymmatly goldanma bolar.
«Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitap Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen Halkara ylmy-amaly maslahata we köpugurly sergä gabatlanyp çapdan çykdy. Bu eser okyjylary türkmen ýaşlarynyň dürli ulgamlarda ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.
ORIENT news








