Gabriel Attal Fransiýanyň täze Premýer ministri boldy


Gabriel Attal Fransiýanyň täze Premýer ministri boldy. Bu barada “TASS” habarlar agentligi “BFMTV” teleýaýlymyna salgylanyp habar berýär.
Degişli Karara Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan gol çekildi. Döwlet baştutany duşenbe güni 2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri Premýer ministr bolup işlän Elizabet Borny işinden boşatdy.
34 ýaşly Attal häzirki döwre çenli bilim ministri bolup işledi. Ol Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Premýer ministr boldy. Şeýlelikde, ol 1984-nji ýylda doglan 37 ýaşly Ministrler Kabinetiniň başlygy hökmünde tassyklanan Laurent Fabiusdan üstün çykdy.
Attal 1989-njy ýylyň 16-njy martynda Parižiň etegindäki Klamar diýen ýerde dünýä indi. Onuň kakasy aklawçy Iw Attal tunisli ýewreý maşgalasynda dünýä inen. Onuň ejesi önümçilik kompaniýasynda işlän Mari de Kursis Odessadan Fransiýa göçüp baran prawoslaw immigrant maşgalasyndandyr.
Attal fransuz paýtagtynyň Syýasy ylymlar institutynda bilim aldy. Şeýle hem, Pariž II uniwersitetinden (Panteon-Assas) hukuk mugallymy diýen derejesi bar. Ol özüniň syýasy karýerasyna Sosialistik partiýanyň düzüminde işlemek bilen başlady. Makron “Marşdaky Respublika” hereketini döredeninden bäri, döwlet Baştutanynyň ýakyn ýarany boldy. Prezident hereketinden ýaş syýasatçy parlamente saýlandy. 2020-nji ýylda Makronyň teklibi bilen Attal Döwlet sekretary we Hökümetiň resmi wekili boldy. Bu geljekki Premýer ministriň zähmet ýolunda möhüm tapgyr boldy.
Ol 2022-nji ýylyň maý aýynda Ykdysadyýet ministrliginiň döwlet hasaplaryna jogapkär ministr wekili wezipesine bellendi. 2023-nji ýylyň iýulynda Bilim ministrligine ýolbaşçylyk etmek tabşyryldy.
Bu wezipelerde Attal başarnykly, gujurly we maksada okgunly syýasatçy hökmünde abraý gazandy. “BFMTV-iň” belleýşi ýaly, Attal häzirki hökümetiň düzüminde iň meşhur ministrdir. Dolandyryjy partiýanyň wekillerinden biri: "Ol başlamazdan ozal, ähli zady tertibe salar" diýip belledi.
Syýasy synçylar Attalyň täze wezipedäki esasy işleriniň biri, dolandyryjy “Renessans” partiýasynyň Ýewropa Parlamentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazanmagyny üpjün etmek bolar. Bu saýlawlar şu ýylyň iýun aýynda geçiriler.
ORIENT news








