HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Ýanwar 08, 2024 | 22:42 |7631
Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet telewideniýesi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletdir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar bolsa uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparyny we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleri, işewürlik maslahatyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, saparyň dowamynda birnäçe wajyp resminamalara gol çekildi. Häzirki wagtda bu ylalaşyklary durmuşa geçirmek möhüm wezipe bolup durýar.

Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň wajyp ýurtlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda hökümetara toparyň 7-nji mejlisiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Umumy pikire görä, iki ýurtda sergileriň, özara Medeniýet günleriniň we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönüden-göni täsir edýär. Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň Türkiýede bilim almaklary, tejribe okuwlaryna gatnaşmaklary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant goşýar.


Şeýle hem Ahmet Demirok şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministi Raşid Meredow bilen hem duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň ugurlary boýunça özara pikir alşyldy. Türkmenistana ilçi hökümnde bellenmezden ozal, Ahmet Demirok Eritreýa döwletinde diplomatik wezipede işledi. Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň düzüminde ol Gresiýada, Awstraliýada, Serbiýada, Awstriýada, Katar Döwletinde we Beýik Britaniýada dürli wezipelerde işledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026