HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda guş iými üçin biologik işjeň goşunda patent aldylar

Ýanwar 08, 2024 | 10:02 |7067
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde guşlar üçin ekologiýa taýdan arassa biologiki goşundy patentleşdirildi.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde guşlar üçin ekologiýa taýdan arassa biologiki goşundy patentleşdirildi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde guşlar üçin ekologiýa taýdan arassa biologiki goşundy patentleşdirildi. Guşlaryň öndürijiligini we kesellere durnuklylygyny ýokarlandyrýan bu iým goşundy energiýany öndürmek we aýawly ulanmak tehnologiýalary barlaghanasynda işlenip düzüldi.

Oýlap tapyş azyk maksatly ösdürilip ýetişdirilýän guşlar üçin niýetlenendir. Täze iým goşundysy guşlaryň hususanda, aşgazan-içege ulgamynyň keselleri bilen netijeli göreşmegine, öndürijiligi we dürli kesellere durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Iým goşundysynyň düzüminde guşlaryň iýmitindäki ýiten aminokislotalaryň, witaminleriň we mikroelementleriň öwezini dolmaga, şeýle hem bedeniň mikroflorasyny kadalaşdyrmaga ýardam edýän bir öýjükli suwotular, zeolit, işjeňleşdirilen uglerod, gyzyl kaliforniýa gurçuklary bar.

“Gözlegleriň dowamynda goşundyny almak üçin dürli usullar synagdan geçirildi we olaryň netijelerine esaslanyp, ýerli tebigy maddalardan - guşlary ähli zerur maddalar bilen üpjün etjek ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümlerden, optimal deňagramly, mümkin bolan ýokary tehnologiýaly önüm alyndy” diýip, alymlar belleýärler.

Şeýle hem guşlaryň iýýän iýmitlerini aňsatlyk bilen siňdirmegine kömek edýän komponentlerden ybarat goşundyny öndürmegiň ykdysady taýdan bähbitlidigi bellendi. Gözlegleriň dowamynda alymlar zootehniki görkezijileriň ýokarlanandygyny we goşundynyň guşlara oňyn täsirini hasaba aldylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026