HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze ýyl sowgady: Aşgabatdaky orta mekdepde okuwçynyň döreden sungat eseri oturdyldy

Dekabr 31, 2023 | 20:16 |11294
Çagalara, ýakynlaryňa, dostlaryňa we kärdeşleriňe edilýän sowgatlar dürlüçe bolýar. Aşgabatly mekdep okuwçysy bolsa, özüniň bilim alýan orta mekdebine adaty bolmadyk heýkel kompozisiýasyny sowgat etdi.Çagalara, ýakynlaryňa, dostlaryňa we kärdeşleriňe edilýän sowgatlar dürlüçe bolýar. Aşgabatly mekdep okuwçysy bolsa, özüniň bilim alýan orta mekdebine adaty bolmadyk heýkel kompozisiýasyny sowgat etdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Çagalara, ýakynlaryňa, dostlaryňa we kärdeşleriňe edilýän sowgatlar dürlüçe bolýar. Aşgabatly mekdep okuwçysy bolsa, özüniň bilim alýan orta mekdebine adaty bolmadyk heýkel kompozisiýasyny sowgat etdi.

Paýtagtyň Gurbansoltan eje adyndaky 72-nji orta mekdepde bolup geçen bu üýtgeşik waka barada "Türkmenistan:Altyn asyr" internet neşiri habar berýär.

Aşgabat şäherindäki Gurbansoltan eje adyndaky 72-nji orta mekdebinde adaty däl bir waka – ähli okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda mekdep howlusynda «Oglan we delfin» atly 2 metrlik gips heýkel kompozisiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Onuň awtory mekdebiň 11-nji «B» synp okuwçysy Bally Babaýewdir. Bally delfin bilen oýnaýan oglany şekillendiripdir. Onuň aýtmagyna görä, bu kompozisiýa adam bilen tebigatyň bitewüligini alamatlandyrýar. Ballynyň sözlerine görä, bu jandar köp adamyň janyny halas edendir. Delfin, şeýlelik bilen, planetamyza ýagşylyk getirýär. Biziň hemmämiz dürli-dürli, ýöne şol bir planetada we şol bir wagtda ýaşaýarys. Şonuň üçin meniň «Oglan we delfin» kompozisiýam Ýer ýüzünde parahatçylyga we dostluga çagyrýar. Kompozisiýamyň baş gahrymany – oglanjyk bolup, ol daşky gurşaw bilen sazlaşykda bilime ymtylýar. Bilim adamy kämilleşdirýär. Şol sebäpden mekdep howlusy heýkel üçin-de iň oňat ýerdir.

Bally Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň we tanymal keramikaçy Gülara Babaýewanyň ogly. Birnäçe ýyl mundan öň Bally öz suratlaryny maşgala sergileriniň birinde görkezipdi. Şonda hünärmenleri we şekillendiriş sungatyny söýüjileri bu oglanyň ajaýyp döredijiligi özüne çekipdi. Köpler oglany gowy suratkeşlik zehini bilen gutlapdylar. Bally olara hoşallyk bildiripdi, ýöne «Men heýkeltaraş boljak» diýip nygtapdy. Mekdebiň direktory Amanşeker Aşyrowa şeýle belleýär: «Oglan we delfin» heýkeli Ballynyň mekdebimize sowgat beren ýeke-täk işi däl. Türkmen bedewiniň milli baýramynda Bally bize ahalteke atynyň heýkelini, Türkmen alabaýynyň baýramynda bolsa gipsden ýasalan türkmen alabaýynyň heýkelini sowgat berdi. Soňky günlerde türkmen halky nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp bellemäge taýýarlanýar. Bally Babaýewiň elinden çykan Magtymgulynyň heýkeli hem – mekdebimizde. Bally Babaýew biziň ýurdumyzda uly mümkinçiliklere eýe bolan zehinli ýaş nesliň wekilidir".

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026