HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Garabogaz" gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak işine 2024-nji ýyldan başlanar

Dekabr 31, 2023 | 11:38 |10596
Gazagystan bilen serhetýakada ýerleşýän "Garabogaz" gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak işine täze ýylyň ilkinji aýynda başlamak göz öňünde tutulýar.Gazagystan bilen serhetýakada ýerleşýän "Garabogaz" gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak işine täze ýylyň ilkinji aýynda başlamak göz öňünde tutulýar.
Çeşme: ayauk.gov.tm

Gazagystan bilen serhetýakada ýerleşýän "Garabogaz" gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak işine täze ýylyň ilkinji aýynda başlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Bellenişi ýaly, gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak işi onuň ýerleşýän çägini giňeltmegi, ýagtylandyryş ulgamynyň täzelenmegini we geçirijilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Taslamanyň çäklerinde gümrük nokadynyň edara ediş binasyny döwrebaplaşdyrmak, barlag-gözegçilik enjamlaryny - awtoulaglar üçin rentgen enjamyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň başynda başlamak we ahyrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Habarda bellenişi ýaly, gümrük nokadynyň döwrebaplaşdyrylmagy serhetden üstaşyr geçmek üçin sarp edilýän wagty azaldar, şol sanda gümrük resminamalaryny resmileşdirmek we awtoulag serişdelerini barlamak işini ýeňilleşdirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026