Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli dabaralara gatnaşdy


Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan çagalaryň Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.
Beýikligi 44 metr, ini hem 16 metr bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutladylar.
Döwlet Baştutany ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Olar bu şanly güne öz Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar horeografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşajyk artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny paýlaşdy. Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar. Arkadagly Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bagtyýar çagalar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady we Söwda-senagat edarasynyň binasyna geldi. Bu ýerde baýramçylyk çäresi Täze ýyl şüweleňi bilen dowam etdi.
Mälim bolşy ýaly, 27-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň özboluşly jemlenmesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň dabaraly açylyşy boldy.
Döwlet Baştutany bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy. Sergide Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, ulag-kommunikasiýalar, maliýe-bank, nebitgaz toplumlarynyň, oba hojalygy, gurluşyk-senagat toplumynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gazanan üstünlikleri giňden görkezilipdir.
Serdar Berdimuhamedow köpugurly sergä gatnaşyjylara täze üstünlikleri arzuw edip, Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar.
Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.

Döwlet Baştutany estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, zehinli çagalaryň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänleriň çykyşlaryna tomaşa etdi. Döredijilik toparlary bilen birlikde, aýdymçylar hem sungatdaky başarnyklaryny görkezdiler.
Däp bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Söwda-senagat edarasynda Döwletliler köşgünde we çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli ýene-de bir dabara geçiriler. Onda dabara gatnaşyjy çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatyň Başlygynyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşurylar. Umuman alanyňda, 1-nji ýanwardan 10-njy ýanwara çenli jemi 4 müň çaga sowgat alarlar.
ORIENT news








