HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Xiaomi” özüniň ilkinji awtoulagy bilen tanyşdyrdy

Dekabr 29, 2023 | 10:50 |7709
Täze “Xiaomi SU7” kysymly ulag hatda “Porsche Taycan Turbo” we “Tesla Model 3” ulaglaryndan hem has ýyndamdyr.Täze “Xiaomi SU7” kysymly ulag hatda “Porsche Taycan Turbo” we “Tesla Model 3” ulaglaryndan hem has ýyndamdyr.
Çeşme: ixbt.com

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy özüniň ilkinji awtoulagyny köpçülige hödürledi.

Täze “Xiaomi SU7” kysymly ulag hatda “Porsche Taycan Turbo” we “Tesla Model 3” ulaglaryndan hem has ýyndamdyr.

Kuwwatly we ekologiýa taýdan arassa S klasly sedan ulagynyň uzynlygy 4997 mm, tigir esasy 3000 mm, ini 1963 mm we beýikligi hem 1440 mm-e deňdir.

Täze ulag faralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň uýgunlaşdyrylan yşyklandyryş dizaýny 4 linzany we 12 pikselli matrisany öz içine alýar hem-de daşky ýagtylyga görä yşyklandyryşy awtomatik sazlaýar. Bu gije ulag sürlende hemmeler üçin oňaýly yşyklandyryşy üpjün edýär.

Öz gezeginde kömekçi yşyklandyryjylar öwrülmäniň içki tarapyny awtomatiki ýagtylandyrýar.

Ýarym görünmeýän görnüşde oturdylan gapy tutawajy diňe bir awtoulagyň aerodinamiki netijeliligini ýokarlandyrman, eýsem aýazly howada onuň doňmagyna garşy göreşmäge hem-de çekilip açylýan gapy tutawaçly awtoulag eýeleriniň sezewar bolýan kynçylyklaryndan gaça durmaga ýardam edýär.

“Xiaomi SU7” awtoulagyň salony “Galaxy Grey” (çal), “Twilight Red” (gyzylymtyl) we “Obsidian Black” (garamtyl) atly üç reňkde köpçülige hödürlener. Ulagyň kuzowy, aýnasy, depesi umuman 5,35 inedördül metr giňişligi özünde jemleýär. Awtoulagda fiziki düwmeler, adaty rul, sport oturgyçlary we “Dolby” ses ulgamy bar.

“Xiaomi” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we Baş direktory Leý Szýunyň sözlerine görä, täze awtoulag 100 kilometr tizlige 2.78 sekuntda çykýar we onuň iň ýokary tizligi sagatda 265 kilometre deňdir.

Täze önüm “Xiaomi Auto Smart Cockpit” atly täze kabinany hem öz içine aldy. Onuň kompýuter ulgamy “Qualcomm Snapdragon 8295-iň” esasynda taýýarlanyp, ol“Hyper OS” programmasy boýunça dolandyrylýar. Awtoulagyň salonynda “3K” durulykdaky “16.1” dýuýmlyk ekran ornaşdyrylandyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026