Biržada geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri satyldy
Dekabr 29, 2023 | 10:09 |5001


28-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazarda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri satyldy.
Daşarky bazarda Owganystanyň we Türkiýäniň işewürleri "Türkmenhimiýa" döwlet konserninden "B" kysymly karbamid satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Içerki bazarda türkmenistanly işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplük satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 3 150 000.00 manada we 15 442 500.00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalaşyklar barada giňişleýin şu salgy boýunça öwrenip bilersiňiz.
ORIENT news








