HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe durnukly syýahatçylygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär

Dekabr 27, 2023 | 15:49 |21630
Şu ýylyň sentýabr aýyndaky ýagdaýa görä, Türkiýäniň Durnukly ösüş boýunça milli gullugy tarapyndan 500-den gowrak desga degişli şahadatnama berlipdir.Şu ýylyň sentýabr aýyndaky ýagdaýa görä, Türkiýäniň Durnukly ösüş boýunça milli gullugy tarapyndan 500-den gowrak desga degişli şahadatnama berlipdir.
Çeşme: travel.rbc.ua

Türkiýe Durnukly syýahatçylyk boýunça ählumumy geňeşi (GSTC) bilen döwlet derejesinde şertnama gol çeken we özüniň milli durnukly syýahatçylyk maksatnamasyny işläp düzen dünýäde ilkinji ýurtdur.

Halkara ülňülerine laýyklykda işlenip taýýarlanan we 2022-nji ýylda badalga berlen bu maksatnama medeni mirasy, biodürlüligi, ekoulgamlary we landşaftlary goramagy hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, bar bolan serişdeleri rejeli ulanmagy maksat edinýär. Munuň netijesinde Türkiýe diňe Howa boýunça Pariž şertnamasy ýaly halkara resminamalarda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem dünýä jemgyýetçiliginde we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda durnukly ösüşe ýetmek ugrundaky ymtylmalary döredýär.

Bu maksatnama degişli şahadatnamalary bermek arkaly ýaşaýyş jaý desgalarynyň we syýahatçylyk operatorlarynyň durnukly ösüşe bolan tagallalaryny hem-de çemeleşmelerini höweslendirýär. Şahadatnamalaşdyrmak işini geçmek isleýän kärhanalar akkreditirlenen halkara audit firmalaryna ýüz tutup bilerler. Olar bilen habarlaşmak üçin maglumatlary Türkiýäniň Ösüş we syýahatçylygy ilerletmek agentliginiň web-saýtyndan tapmak mümkindir.

Bu babatda alnyp barylýan işleriň durnukly dolandyryş, daşky gurşawyň durnuklylygy, medeni durnuklylyk we durmuş-ykdysady durnuklylyk ýaly dört sany ileri tutulýan ugurlara laýyk gelmegi göz öňünde tutulmalydyr.

Şeýlelik bilen, ýaşaýyş jaý desgalaryny şahadatnamalaşdyrmak işiniň birinji tapgyryň 14, ikinji tapgyryň 29 we üçünji tapgyryň hem 42 talaplaryna gabat gelmelidir.

Durnukly syýahatçylygyň ähli talaplaryna laýyklyk barlagyndan geçen ähli obýektler baradaky maglumatlar Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň, Respublikanyň Ösüş we syýahatçylygy ilerletmek agentliginiň web-saýtlarynda hem-de GoTürkiye atly syýahatçylyk platformasynda ýerleşdirilendir. Tabşyrylýan resminamalarda Durnukly syýahatçylyk boýunça ählumumy geňeşiniň nyşany bolmalydyr.

Şu ýylyň sentýabr aýyndaky ýagdaýa görä, Türkiýäniň Durnukly ösüş boýunça milli gullugy tarapyndan 500-den gowrak desga degişli şahadatnama berlipdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026