Täze ýyly nähili garşylamaly, näme geýmeli we sowgat bermeli?!


Täze ýyla çenli sanlyja gün galdy.
2024-nji ýylda Hytaý senenamasynda gara suw towşany öz ornuny şadyýan, hyjuwly we kuwwatly ýaşyl agaç aždarhasyna geçirer.
Her kimiň bir soragy bar - Täze ýyl agşamyny nädip bellemeli, iň gowusy näme geýmeli we size üstünlik getirmegi üçin saçagy nähili tagamlar bilen bezemeli. Bularyň ählisini “ORIENT-iň” şu makalasy arkaly öwrenip bilersiňiz.
Baýramçylygy nähili öwüşginde garşylamaly?
Täze ýyly öýde, ýakynlaryňyz bilen bellemegi meýilleşdiren bolsaňyz hem, ilki bilen, baýramçylyk lybasyny saýlamaga üns beriň.
Aždarha açyk reňkleri, ýokary hilli matalary we ýalpyldawuk esbaplary gowy görýär. Şonuň üçin gyzyl we ýaşyl reňkleri saýlamaly hem-de matalardan atlas, ýüpek, brokada ýa-da zygyr, ýüň we pagta ýaly tebigy önümlere üns bermeli.
Özüňiziň rahatlygyňyzy hem ýatdan çykarmaň. Täze ýyl agşamyny geçirmek üçin amatly boljak bir zady saýlap bilersiňiz, ýöne soňra daşky grönüşiňizi özüne çekiji şaý-sepler we esbaplar bilen bezäp bilersiňiz.
Täze ýyl saçagy üçin näme taýýarlasaň bolýar?
Hytaýda aždarha senenama ýyldyzlarynyň içinde tagamlary iň gowy görýäni hasaplanylýar. Bu jandar ýarym taýýar önümleri ýa-da emeli goşundylary ulanmazdan täze, tebigy önümlerden taýýarlanan lezzetli we çylşyrymly tagamlary gowy görýär.
Täze ýylda hökman taýýarlamaly bolan tagam ýok. Halaýanlaryňyzdan birini saýlap, islegiňize görä saçagyňyzy dürlüçe bezäp bilersiňiz.
Şunda et we ondan taýýarlanylan tagamlar ýa-da onuň islendik usulda bişirilen görnüşleri Täze ýyl saçagynyň lezzetli nygmaty bolup biler. Dürli gök-önümlerden taýýarlanylan işdäaçarlar esasy naharyň tagamyna tagam goşup biler.

Öňümizdäki ýylyň nyşany ysly iýmitleri hem gowy görýär. Şeýlelikde, hytaý aşhanasyna degişli ýakymly bir zat ýa-da bişirilen etiň gapdalyna gyzgyn batyrma bişirip bilersiňiz.
Aždarhanyň garny süýji tagamlary söýýär. Şonuň üçin-de Täze ýyl agşamyny halaýan desert tagamyňyz bilen jemläp bilersiňiz.
Öýi nähili bezemeli?
Öýüň içki bezegi barada aýdylanda, onda açyk reňkleri, ýalpyldawuk bezeg elementlerini ulanmak maslahat berilýär. Mysal üçin, jaýyňyzy dürli zerler, bezeg we hytaý çyralary we ş.m. bilen bezäň.
Öňümizdäki ýylda agaç zerur bolan Täze ýyl bezegidir. Hytaý medeniýetine görä agaç bilimiň, döredijiligiň we ösüşiň nyşanydyr. Agaçdan ýasalan gap-gaçlary, heýkeljikleri, Täze ýyl agajynyň bezeglerini ýa-da agaçdan ýasalan gül küýzesini satyn almak maslahat berilýär.
Bezegde ýylyň nyşanynyň şekilini ulanyp bilersiňiz. Olar näçe köp bolsa, şonça hem gowy görülýär. Aýry-aýry heýkeljikler, nagyşly gap-gaçlar, salfetkalar, şemdanlar we şuňa meňzeş beýleki zatlar täze ýylda şowlulygy özüne çekýär diçlip düşünilýär.

Şeýle hem baýramçylyk gününde yşyklandyryşa üns bermeli. Aždarha ýylynyň şygary hem hut, ýagtylyk bilen hem baglanyşyklydyr. Köp sanly güller, aýratyn lampalar, şemler - bularyň hemmesi ýetip gelýän Täze ýyl agşamynda bolýar.
Ýakynlaryňyza näme sowgat bermeli?
Sowgatlar barada gürrüň gozgalanda, maşgala agzalaryňyzy we dost-ýarlaryňyzy aždarhalaryň heýkeljikleri bilen begendirip bilersiňiz. Ol diňe bir geljek ýylyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem güýjüň, şowlulygyň we goraglylygyň nyşanydyr.
Gymmat bahaly ýaşyl daşlar we minerallar hem sowgat bermäge laýykdyr. Mysal üçin, Täze ýyl gününde nefrit daşyny sowgat alan adama rowaçlyk we abadançylyk garaşýar, diýlip ynanylýar.
Ýaşyl öwüsýän bezeg ösümlikleri hem ajaýyp sowagt bolup biler.
Umuman aýdanyňda, Täze ýyl agşamynda aždarhany gaharlandyryp biljek sowgatlardan başga islendik sowgat berip bilersiňiz.
Täze ýyla taýýarlyk göreniňizde şunuň ýaly birnäçe aýratynlyklara üns beriň we sizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjak iň gowy Täze ýyl agşamyndan lezzet alyň.
ORIENT news








