HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus parlamentçileri Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýärler

Dekabr 21, 2023 | 15:59 |10722
Senatorlar we bilermenler Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde geçirilen ýygnagynda Russiýa Federasiýasynyň Merkezi Aziýadaky daşary syýasatynyň ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny gözden geçirdiler.Senatorlar we bilermenler Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde geçirilen ýygnagynda Russiýa Federasiýasynyň Merkezi Aziýadaky daşary syýasatynyň ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny gözden geçirdiler.
Çeşme: council.gov.ru

Senatorlar we bilermenler Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde geçirilen ýygnagynda Russiýa Federasiýasynyň Merkezi Aziýadaky daşary syýasatynyň ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny gözden geçirdiler.

Federasiýa Geňeşiniň Halkara işleri boýunça Komitetiniň ýolbaşçysy Grigoriý Karasin “Häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamynda Merkezi Aziýa sebitiniň geosyýasy ähmiýeti. Russiýa Federasiýasynyň Merkezi Aziýadaky daşary syýasatynyň ykdysady we ynsanperwer ugurlary" atly temasy boýunça maslahat geçirdi.

Çärä Rushyzmatdaşlygyň, Ykdysady ösüş ministrliginiň, Senagat we söwda ministrliginiň, Ylym we ýokary bilim ministrliginiň, Bilim ministrliginiň wekilleri, şeýle-de öňdebaryjy ylmy institutlaryň we gözleg merkezleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Federasiýa Geňeşiniň web sahypasynyň berýän habaryna görä, esasy hasabat Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin tarapyndan edildi.

1-1.jpg

Grigoriý Karasin, “Merkezi Aziýa + Russiýa” görnüşindäki özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda howpsuzlyk, ykdysadyýet we söwda, oba hojalygy we azyk önümleri, ulag, energetika, ekologiýa, saglygy goraýyş we ynsanperwer gatnaşyklary boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy öz içine alýandygyny aýtdy.

Merkezi Aziýa we Russiýa döwletleriniň geçen ýyldaky Federasiýa Geňeşiniň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde geçirilen ilkinji parlamentara forumyny hem agzaldy. "Forum, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň parlament agzalarynyň arasynda Merkezi Aziýa sebitiniň iň möhüm meseleleri boýunça göni dialogyň geçirilmegini görkezdi"

"Sebit derejesinde aragatnaşyklaryň ösmegine möhüm goldaw bermäge çalyşýarys" -diýip, senator belledi.

2-1.jpg

Mihail Galuziniň pikiriçe, Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar adatça çuňňur ykdysady gatnaşyklary, umumy döwletliligiň taryhyny, ýeke-täk dil giňişligini we medeni ýakynlygy öz içine alýar.

Galuzin: "Biz esasy wezipäni hyzmatdaşlygy, bileleşigi we hoşniýetliligi berkitmäge gönükdirilen deňagramly syýasaty alyp barmak diýip hasaplaýarys" -diýdi.

Dürli ugurlarda däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüş depginini Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni telefon arkaly bolan söhbetdeşliginiň dowamynda bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026